HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Konstitusiýasy nähili kämilleşdirildi

Oktýabr 27, 2022 | 21:40 |26381
Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi we şol ýylyň 12-nji dekabrynda çap edildi. Bu sene Türkmenistanyň döwlet binýadynyň döredilmeginiň başlangyjy boldy.Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi we şol ýylyň 12-nji dekabrynda çap edildi. Bu sene Türkmenistanyň döwlet binýadynyň döredilmeginiň başlangyjy boldy.
Çeşme:

Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi we şol ýylyň 12-nji dekabrynda çap edildi. Bu sene Türkmenistanyň döwlet binýadynyň döredilmeginiň başlangyjy boldy.

Umuman aýdylanda, ilkinji Konstitusiýada türkmen döwletiniň mümkinçilikleri, ulgamlaýyn aýratynlyklary we ileri tutulýan ugurlary beýan edildi. Garaşsyzlygyň 31 ýylynyň dowamynda ýurtda syýasy pikiriň çalt ösmegi bilen baglanyşykly 7 gezek üýtgetme girizildi.

Girizilen üýtgetmelere garamazdan, umuman, I we II bölümler (döwlet gurluşy we raýatlaryň hukuklary we borçlary hakda) 2016-njy ýylyň düzedişlerini hasaba almazdan, olar II bölümini üýtgetmediler, diňe onuň üstüni ýetirdiler. Bu düzedişler, esasan, syýasy ugry we ulgamy sazlamak, dolandyryş we ykdysady meselelere bilen baglanyşykly bolupdy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetme girizmeleriň hronologiýasy:

– 1995 ýyl – Türkmenistanyň halkara ykrar edýän hemişelik bitaraplygynyň derejesini görkezip, daşary syýasat doktrinasyny kesgitleýän düzediş,
– 1999 ýyl – ölüm jezasyny ýatyrmak hakynda düzediş,
– 2003 ýyl – ähli dolandyryş derejelerinde Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklaryny we ornuny kesgitleýän düzediş,
– 2005/6 – islendik milletiň wekiliniň Türkmenistanyň prezidenti bolup bilmegini göz öňünde tutýan düzediş, şeýle hem häkimleri bellemek boýunça ygtyýarlyklaryň Halk Maslahatyndan prezidente berilmegi baradaky düzediş,
– 2008 – Halk Maslahatynyň üýtgedilmegi we Mejlis (parlament) bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň arasynda onuň ygtyýarlyklarynyň bölünmegi baradaky düzedişler,
– 2016/17 - 11 sany madda bilen raýatlaryň hukuklary we azatlyklary bölümlerine goşmaçalary öz içine alýan Konstitusiýa girizilen iň uly düzediş; şunda esasy üns halkara hukugyna, gender deňligine we ykdysady azatlyklara ileri tutulýan ugur hökmünde gönükdirildi, prezidentiň ygtyýarlyk möhleti 5 ýyldan 7 ýyla çenli uzaldyldy,
– 2020/21 – Halk Maslahaty (ýokarky palata) we Mejlisden (aşaky palatadan) ybarat bolan iki palataly parlamenti (Milli Geňeşi) döretmek hakynda düzediş; Halk Maslahatynyň döredilmegi, gurluş düzümi, düzülme tertibi kesgitlenildi; kanun çykaryjylyk başlangyjy we kanun çykaryjylyk paýlaşdyryldy we demokratiýalaşdyryldy.

Şeýle döwrebaplaşdyryş durnukly konstitusion howpsuzlygyň, netijede bolsa, döwlet howpsuzlygynyň arhitekturasyny gurmaga mümkinçilik berdi. Konstitusiýa 142 maddadan we 8 bölümden ybarat bolup, ol iň ýokarky orunda ýerleşmek bilen, häkimiýet çeşmelerini onuň ähli düzümleri bilen kadalaşdyryjy resminamalaryň arasynda bölüşdirip, «kanunlar piramidasynda» iň birinji basgançakda durýar.

Arslan MÄMMEDOW
Surat: redaksiýanyň arhiwinden

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026