HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary TMDDI-de geçirilen bäsleşikde filolog-mugallymyň keşbini synap gördüler

Noýabr 05, 2022 | 17:55 |9233
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda  «Zehinli filologlar bilen söhbetdeşlik» atly bäsleşik geçirildi. Şol bäsleşigiň çäklerinde birnäçe ýerli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary filolog—mugallymyň keşbini synap gördüler.Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda  «Zehinli filologlar bilen söhbetdeşlik» atly bäsleşik geçirildi. Şol bäsleşigiň çäklerinde birnäçe ýerli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary filolog—mugallymyň keşbini synap gördüler.
Çeşme:

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Zehinli filologlar bilen söhbetdeşlik» atly bäsleşik geçirildi. Şol bäsleşigiň çäklerinde birnäçe ýerli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary filolog—mugallymyň keşbini synap gördüler.

Студенты туркменских вузов примерили образ преподавателя филологии на конкурсе в ТНИМЯ

Bäsleşik talyplaryň okuwa bolan höwesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir we geljekki hünärlerini saýlamaga kömek etmäge urukdyrmagy maksat edinýär. Talyplar filolog—mugallymlaryň kärine içgin girişmegi, täze hünärleri öwrenmegi we gyzykly tanyşlyklary açmagy başardylar.

Студенты туркменских вузов примерили образ преподавателя филологии на конкурсе в ТНИМЯ

Bäsleşigiň her bir tapgyry gatnaşyjylar tarapyndan saýlanyp alnan BMG-niň resmi dilinde geçirildi. Bäsleşik diňe bir dillere ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny däl-de, eýsem dürli ugurly hem-de hünärli ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny bir ýere jemledi, bu bolsa Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezdi.

Студенты туркменских вузов примерили образ преподавателя филологии на конкурсе в ТНИМЯ

Bäsleşik üç tapgyrdan ybarat bolup, onuň birinjisinde talyplar myhmanlara daşary ýurt dilinde öz ýokary okuw jaýy hakynda wideoýazgy arkaly gürrüň berdiler. Soňra olar: «Eger men filolog -mugallym bolsam...» diýen jümläni dowam etdirip, döredijilik işi boýunça jogap taýýarladylar. Bäsleşigiň soňky tapgyrynda bolsa – öwrediji we düşünjäni artdyryjy oýunlar arkaly oňa gatnaşýan tomaşaçylary gyzyklandyrmak boýunça ýumuşy ýerine ýetirdiler.

ORIENT news
Surat TMDDI tarapyndan berildi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026