HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-daky söwdalaşmalar: eksport üçin 1 müň tonna awiakerosin ýerlenildi

Noýabr 03, 2022 | 20:55 |4262
Çarşenbe güni, 2-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynda jemi bahasy 934 ABŞ-nyň dollaryna we 7,4 million türkmen manadyna barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Çarşenbe güni, 2-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynda jemi bahasy 934 ABŞ-nyň dollaryna we 7,4 million türkmen manadyna barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Çarşenbe güni, 2-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynda jemi bahasy 934 ABŞ-nyň dollaryna we 7,4 million türkmen manadyna barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Türkiýeli işewür söwdalaşmalyň barşynda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çykarylan jemi bahasy 934 müň amerikan dollary bolan ТС-1 awiasiýa kerosiniň 1 müň tonnasyny satyn aldy.

Ýerli telekeçiler gysga süýümli pagtanyň jemi 430 tonnasyny satyn aldylar. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen baglaşylan geleşigiň umumy jemi 7,4 million manada barabar boldy.

Söwdalaşmalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen şu salgy boýunça Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalaşmalar duşenbe-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, tmex.gov.tm saýtyndaky funksional platformanyň üsti bilen öndürijiler bilen gönümel habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasy boýunça teklipler bilen tanşyp bolar. Şeýle-de birža harytlaryny ýerlemek baradaky bildirişleri çap etmek mümkinçiligi hem elýeterlidir.

ORIENT news
Surat: redaksiýanyň arhiwinden

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026