“Wadaýko” ýapon depleri: ýüreklere joşgun berýän depgin


“Wadaýko” ýapon depleri barada olaryň Ýaponiýa hakynda we elbetde, bu ýurduň halkynyň häsiýeti, taryhy hem-de medeniýeti barada gürrüň berip bilýändigini aýdýarlar. Asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli gelip ýeten täsin saz guralynyň owazy diňleýjilerde ruhubelentlik oýaryp, iň ajaýyp duýgulary döredip bilýär.
Bu sözleriň hakykandygyna Wadaiko-30 Finale konsertine geljek tomaşaçylar göz ýetirip bilerler. Bu konsert Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan ýurduň üç şäherinde – Aşgabatda, Maryda we Türkmenabatda noýabr aýynyň ortalarynda guralýar.
Owadan şüweleň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň hormatyna ýapon diplomatik wekilhanasyndan türkmenistanly saz janköýerlerine sowgatdyr. Giriş muzdsuzdyr. Şu salgy boýunça konsert (geçirilýän ýeri we wagty) barada giňişleýin maglumatlary bilip hem-de ýerleri öňünden belläp bolar. Resminamany 6-njy noýabra çenli doldurmaly we ugratmaly.
“Wadaýko” zehinli ussatlaryň elinde dürli-dürli – belent heňli we oýlandyrýan, kesgir we duýguly bolup biler – şoňa görä-de, bu owazlar ýüreklere joşgun berer. Häzirki wagt dep çalmak Ýaponiýada meşhur güýmenje bolup, bu sungaty dürli ýaşdaky adamlar öwrenýärler. “Wadaýko”-da kompozisiýalar ýerine ýetirilende depçi her urgusyna bedeniniň we kalbynyň ähli güýjüni berýär, bu bolsa şüweleňi has-da özüne çekiji edýär.
ORIENT news








