HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşkentde Respublikan türkmen medeniýet merkeziniň 20 ýyllygy bellenilýär

Noýabr 03, 2022 | 17:17 |9214
Daşkentde çäreleriň tapgyry bilen Respublikan türkmen medeniýet merkeziniň 20 ýyllygy bellenilýär. Oňa gatnaşmak üçin ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistana geldi.Daşkentde çäreleriň tapgyry bilen Respublikan türkmen medeniýet merkeziniň 20 ýyllygy bellenilýär. Oňa gatnaşmak üçin ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistana geldi.
Çeşme:

Daşkentde çäreleriň tapgyry bilen Respublikan türkmen medeniýet merkeziniň 20 ýyllygy bellenilýär. Oňa gatnaşmak üçin ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistana geldi.

2022-nji ýylyň 3-nji noýabryna çenli dowam etjek saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary hem-de ÖzR-niň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklar we daşary ýurtlar bilen dostlukly aragatnaşyklar komitetiniň wekilleri Şomahmudowlaryň maşgalasynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Bu maşgala Beýik watançylyk urşy ýyllarynda dürli milletlerden bolan ýetim çagalara hossarçylyk etdi.

Республиканский туркменский культурный центр в Ташкенте отмечает свое 20-летие

Soňrra Daşkent özbek dili we edebiýaty döwlet uniwersitetinde “Özbek we türkmen halklarynyň dostlugyny pugtalandyrmakda Magtymgulynyň döredijiliginiň eýeleýän orny” atly halkara ylmy-amaly maslahat guraldy diýip, nuz.uz habar berýär.

Maslahatda Milletara gatnaşyklar we daşary ýurtlar bilen dostlukly aragatnaşyklar komitetiniň başlygynyň orunbasary Azamat Toşew, Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ýazguly Mämmedow we Çynar Rüstemowa gutlag sözi bilen çykyş etdiler.

Республиканский туркменский культурный центр в Ташкенте отмечает свое 20-летие

Şeýle hem, Milletara gatnaşyklar we daşary ýurtlar bilen dostlukly aragatnaşyklar komitetinde türkmen wekiliýetiniň duşuşygy geçirildi, şonda komitetiň başlygy Rustambek Kurbanow alyp barýan işleri barada myhmanlara habar berdi.

Özbegistanda türkmen dilli mekdepleriň 44-siniň işleýändigi, şolaryň 15-siniň garyşyk dillerde okuw alyp barýandygy bellenildi. Garagalpagystan Respublikasynyň Nukus döwlet uniwersitetinde “Türkmen filologiýasy” fakulteti döredildi, Ažiniýaz adyndaky Nukus mugallymçylyk institutynda bolsa türkmen dili boýunça başlangyç synplar üçin mugallymlary taýýarlaýan fakultet açyldy.

Республиканский туркменский культурный центр в Ташкенте отмечает свое 20-летие

Garagalpagystan Respublikasynyň türkmen milli medeniýet merkezi türkmen dilinde her aý çykarylýan “Mekan” gazetini neşir edýär, “Orzu” aýdym-saz tans topary bolsa türkmen halkynyň sungatynyň etnografiýa aýratynlyklaryny nesilden nesle geçirýär.

ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa Özbegistanda etniki toparlaryň gatnaşyklary babatda alnyp barylýan döwlet syýasatyna ýokary baha berdi.

Республиканский туркменский культурный центр в Ташкенте отмечает свое 20-летие

Ol dürli ugurlarda iki ýurduň arasyndaky, şol sanda medeniýet ugry boýunça hyzmatdaşlygyň depginli ösdürilýändigini we bu babatda halk diplomatiýasynyň uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Çarşenbe güni, 2-nji noýabrda “Türküstan” sungat köşgünde Respublikan türkmen medeniýet merkeziniň şanly senesine bagyşlanan uly konsert geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Brýusselde ÝUNISEF-niň «Generation 2050 in Central Asia» atly hasabatynyň tanyşdyrylyşy geçiriler

Brýusselde ÝUNISEF-niň «Generation 2050 in Central Asia» atly hasabatynyň tanyşdyrylyşy geçiriler

22:59 Iýul 13, 2026
100 ýaşly Dewid Attenboro «Emmi» baýragynyň taryhynda absolýut rekord goýdy

100 ýaşly Dewid Attenboro «Emmi» baýragynyň taryhynda absolýut rekord goýdy

21:10 Iýul 13, 2026
Yssyny ýeňip geçmegiň ýoly: Türkiýe tomusky dynç alyş üçin serginlediji täze mümkinçilikleri hödürleýär

Yssyny ýeňip geçmegiň ýoly: Türkiýe tomusky dynç alyş üçin serginlediji täze mümkinçilikleri hödürleýär

20:25 Iýul 13, 2026