HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-daky söwdalaşmalar: polietilen we portlandsement geleşikleriň esasy özeni boldy

Noýabr 03, 2022 | 16:50 |3995
Sişenbe güni, 1-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynda jemi bahasy 360 ABŞ-nyň dollaryna we 5,3 million manada barabar bolan 4 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Sişenbe güni, 1-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynda jemi bahasy 360 ABŞ-nyň dollaryna we 5,3 million manada barabar bolan 4 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Sişenbe güni, 1-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynda jemi bahasy 360 ABŞ-nyň dollaryna we 5,3 million manada barabar bolan 4 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler jemi bahasy 5,3 million manat bolan ýokary dykyzlykly polietileniň takmynan 300 tonnasyny satyn aldylar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserininiň kärhanasynda öndürilen önümiň her tonnasynyň bahasy 18 müň türkmen manadyna deň boldy.

Söwdalaşmalaryň barşynda Katarly işewür jemi bahasy 360 müň amerikan dollaryna barabar bolan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanasy tarapyndan öndürilen portlandsementiň 10 müň tonnasyny satyn aldy.

Söwdalaşmalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen şu salgy boýunça Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalaşmalar duşenbe-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, tmex.gov.tm saýtyndaky funksional platformanyň üsti bilen öndürijiler bilen gönümel habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasy boýunça teklipler bilen tanşyp bolar. Şeýle-de birža harytlaryny ýerlemek baradaky bildirişleri çap etmek mümkinçiligi hem elýeterlidir.

ORIENT news
Surat: redaksiýanyň arhiwinden

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026