HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen Parlamentiniň ýokary palatasynyň Baştutany RF-niň Federasiýa Geňeşiniň umumy mejlisinde çykyş eder

Noýabr 02, 2022 | 16:17 |8023
Sişenbe güni, 1-nji noýabrda Federasiýa Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Parlamentiniň ýokary palatasy parlamentara toparyny döretmek hakynda ylalaşyga gol çekdiler. Walentina Matwiýenkonyň sözlerine görä, munuň özi döwletleriň arayndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda sebitleýin derejede pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.Sişenbe güni, 1-nji noýabrda Federasiýa Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Parlamentiniň ýokary palatasy parlamentara toparyny döretmek hakynda ylalaşyga gol çekdiler. Walentina Matwiýenkonyň sözlerine görä, munuň özi döwletleriň arayndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda sebitleýin derejede pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.
Çeşme:

Sişenbe güni, 1-nji noýabrda Federasiýa Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Parlamentiniň ýokary palatasy parlamentara toparyny döretmek hakynda ylalaşyga gol çekdiler. Walentina Matwiýenkonyň sözlerine görä, munuň özi döwletleriň arayndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda sebitleýin derejede pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Russiýanyň Parlamentara hyzmatdaşlygynyň görnüşiniň köpsanly dürli wezipeleriň çözülmegini göz öňünde tutýandygyny, häzirki wagt parlament diplomatiýasynyň baş wezipesiniň bolsa parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň guraly bolup hyzmat etmeginden ybaratdygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, ekstremizmiň we terrorizmiň islendik görnüşde ýüze çykmagyna garşy berk kanunçylyk binýadyny goýmak wajypdyr. Çarşenbe güni ol Federasiýa Geňeşiniň umumy mejlisinde çykyş eder diýip, “Wmeste-RF” teleýaýlymy habar berýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy we Federasiýa Geňeşiniň başlygy ýadygärlik sowgatlary hem alyşdylar. Walentina Matwiýenko milli zergärçilik bezeg serişdesi bolan ajaýyp tumar berildi, Gurbanguly Berdimuhamedowa bolsa rus tebigaty şekillendirilen surat eseri sowgat berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026