HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ýaş alymlary Nižnyý Nowgorodda “Serhetsiz ylym” atly foruma gatnaşýarlar

Noýabr 02, 2022 | 16:08 |5651
Nižnyý Nowgorodda (Russiýa) “Serhetsiz ylym” atly forum GDA ýurtlaryna, Çernogoriýa, Eýrana, Hindistana we HHR-e wekilçilik edýän ýaş alymlaryň 400-e golaýyny bir ýere jemledi. Maslahat Arkalaşygyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna hem-de Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlandy diýip, RIA “Nowosti” ýazýar.Nižnyý Nowgorodda (Russiýa) “Serhetsiz ylym” atly forum GDA ýurtlaryna, Çernogoriýa, Eýrana, Hindistana we HHR-e wekilçilik edýän ýaş alymlaryň 400-e golaýyny bir ýere jemledi. Maslahat Arkalaşygyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna hem-de Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlandy diýip, RIA “Nowosti” ýazýar.
Çeşme:

Nižnyý Nowgorodda (Russiýa) “Serhetsiz ylym” atly forum GDA ýurtlaryna, Çernogoriýa, Eýrana, Hindistana we HHR-e wekilçilik edýän ýaş alymlaryň 400-e golaýyny bir ýere jemledi. Maslahat Arkalaşygyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna hem-de Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlandy diýip, RIA “Nowosti” ýazýar.

Forumda Türkmenistana ýokary okuw mekdepleriň we uniwersitetleriň ýanyndaky ylym bilen meşgullanýan hem-de dürli pudaklarda alnyp barylýan barlag işleriniň awtorlary bolan tehnologiýa we ylmy merkezleriň ýaş alym mugallymlaryndan ybarat bolan topar wekilçilik edýär.

Foruma gatnaşyjylar emeli aň, molekulýar inženeriýa, azyk howpsuzlygy, sagly, mirasy gorap saklamak baradaky meseleleri hem-de ylmyň beýleki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Nižnyý Nowgoroddaky çäre hemişelik hereket edýän forum bolmaga ymtylýar, şol ýerde GDA ýurtlarynyň ýaş alymlary we innowatorlary häzirki zaman ylmynyň möhüm meselelerini hem-de ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp bilerler.

Forum Lobaçewskiý adyndaky Nižegorod döwlet uniwersitetiniň binýadynda geçýär. Russiýanyň Ylymlar akademiýasy, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti, RF-niň ylym we ýokary bilim ministrligi, Nižegorod oblastynyň hökümeti, NNDU we “Skolkowo” Gaznasy onuň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

ORIENT news
Foto: GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026