HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Goňurdepäniň üstüniň açylmagynyň 50 ýyllygy bellenilýär

Noýabr 02, 2022 | 16:15 |8616
Şu günler Türkmenistanyň çägindäki iň uly arheologik ýadygärlikleriň biri bolan — gadymy Goňurdepe şäheriniň ýüze çykarylmagynyň 50 ýyllygy bellenilýär.Şu günler Türkmenistanyň çägindäki iň uly arheologik ýadygärlikleriň biri bolan — gadymy Goňurdepe şäheriniň ýüze çykarylmagynyň 50 ýyllygy bellenilýär.
Çeşme:

Şu günler Türkmenistanyň çägindäki iň uly arheologik ýadygärlikleriň biri bolan — gadymy Goňurdepe şäheriniň ýüze çykarylmagynyň 50 ýyllygy bellenilýär.

Şu mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet institutynda Goňurdepäni dünýä aýan eden Wiktor Sarianidiniň kärdeşi, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň adamyň antropoekologiýa merkeziniň ýolbaşçysy Nadežda Dubowa bilen bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary we ylmy işgärleri bilen duşuşygy boldy.

Duşuşykda Nadežda Dubowa gadymy dünýäniň taryhyna ylmy düşünje bermek işinde Wiktor Sarianidiniň bahasyna ýetip bolmajak goşandy barada giňişleýin gürrüň berdi. Hut Baktriýany we bu ýurduň baýlygyny - 20 müňden gowrak gadymy tapyndylar bolan altyn artefaktlaryň üstüni açan adam; ol taryhy takmynan 40 asyr uzap gidýän hem-de Merwiň merkezi bolan Margianany (Gadymy Marguşy) tapmagy başaran alym.

Bu tapyndylar bu şäherleriň bolanlygy üçin däl-de, eýsem meşhur alymyň ýolbaşçylygyndaky gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylan baý medeniýetiň bolanlygynyň ýüze çykarylandygy üçin juda möhümdir. Bu gözlegler häzirki Türkmenistanyň çäginde Müsür, Mesopotamiýa, Hind derýasynyň jülgesi we Hytaý bilen bir hatarda duran tutuş bir siwilizasiýa barada aýtmaga mümkinçilik berýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar Margianada belli bolan 300 ilatly ýerleriniň biri bolan gadymy Goňurdepe şäheriniň özboluşlylygyny, şeýle hem pandemiýadan soňky döwürde daşary ýurtly alymlar bilen ylmy hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT news
Surat: marymuseum.gov.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026