HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-daky söwdalaşyklar: içerki bazarda polipropilen we pagta uly islege eýe boldy

Noýabr 02, 2022 | 22:20 |5714
ORIENT-iň habarçysynyň berýän habaryna görä, 31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynda ýerli telekeçiler polipropilen we gysga süýümli pagtany satyn aldylar.ORIENT-iň habarçysynyň berýän habaryna görä, 31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynda ýerli telekeçiler polipropilen we gysga süýümli pagtany satyn aldylar.
Çeşme:

ORIENT-iň habarçysynyň berýän habaryna görä, 31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynda ýerli telekeçiler polipropilen we gysga süýümli pagtany satyn aldylar.

«Turkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen TPPZ 30 G kysymly polipropilen 100 tonna möçberde ýerlenildi. Geleşigiň umumy jemi 2,6 million manada barabar boldy.

Şeýle hem ýerli telekeçi Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginden umumy bahasy 7,4 million manat bolan gysga süýümli pagtanyň 430 tonnasyny satyn aldy.

Söwdalaşyklara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen şu salgy boýunça Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalaşyklar duşenbe-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe - anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, tmex.gov.tm saýtyndaky funksional platformanyň üsti bilen öndürijiler bilen gönümel habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasy boýunça teklipler bilen tanşyp bolar. Şeýle-de birža harytlaryny ýerlemek baradaky bildirişleri çap etmek mümkinçiligi hem elýeterlidir.

ORIENT news
Surat: redaksiýanyň arhiwinden

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026
Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

17:44 Oktýabr 13, 2026
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026