HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TikTok täze funksiýalary synagdan geçirýär: goşundyda kiçi oýunlar we «Arassa düzgün» peýda bolup biler

Noýabr 02, 2022 | 16:05 |10508
Bu goşundyny üznüksiz tankytlaýandyklaryna we bizar ediji mahabatlaryň agdyklyk edýändigine garamazdan, TikTok-yň ulanyjylarynyň sany yzygiderli artýar. Kompaniýanyň ýolbaşçylary müşderilerini ýitirmezlik üçin, ähli täze funksiýalary hödürlemek bilen, hyzmatlaryny kämilleşdirmäge synanyşýarlar.Bu goşundyny üznüksiz tankytlaýandyklaryna we bizar ediji mahabatlaryň agdyklyk edýändigine garamazdan, TikTok-yň ulanyjylarynyň sany yzygiderli artýar. Kompaniýanyň ýolbaşçylary müşderilerini ýitirmezlik üçin, ähli täze funksiýalary hödürlemek bilen, hyzmatlaryny kämilleşdirmäge synanyşýarlar.
Çeşme:

Bu goşundyny üznüksiz tankytlaýandyklaryna we bizar ediji mahabatlaryň agdyklyk edýändigine garamazdan, TikTok-yň ulanyjylarynyň sany yzygiderli artýar. Kompaniýanyň ýolbaşçylary müşderilerini ýitirmezlik üçin, ähli täze funksiýalary hödürlemek bilen, hyzmatlaryny kämilleşdirmäge synanyşýarlar.

Ozaly bilen platforma wideo oýunlaryny synagdan geçirip başlady. Şeýle etmek bilen, kompaniýa goşunda has köp ulanyjy çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada onuň «ByteDance» esasy kompaniýasyna salgylanmak bilen, Reuters agentligi habar berýär.

Häzirki synag toparynyň esasan 35 ýaşa çenli bolan ýaş ulanyjylardan ybaratdygy aýdylýar. Kompaniýanyň wekilleri ýönekeý mehanikasy we oýnamak üçin aňsat hem gysga oýun wagtlary bolan kiçi oýunlary hödürläp, az-azdan başlajakdygyny beýan etdiler.

Platformanyň oýun formatyny durmuşa geçirmäge edýän ilkinji synanyşygynyň däldigi bellenmelidir. Mundan öň HTML5 oýunlary çykypdy, onda oýunçylar dostlary hem goşunda ýazylýanlar bilen bäsleşmäge mümkinçilikleri bardy.

Mundan başga-da, TikTok-yň striming üçin birnäçe funksiýalaryň üstünde işlenilýändigi barada insaýderlerden maglumatlar internet torunda peýda boldy. Olar özlerini oýunlara goşýarlar, olar bolsa öz nobatynda strimerlere tomaşaçylar bilen bilelikde hereket etmäge kömek berýär. Mysal üçin, tötänleýin ulanyjylara teňňeleri paýlamak, olar bolsa, öz gezeginde, oýunda dürli satyn almalary amala aşyryp bilýärler.

Iň soňkusy bolsa «Arassa düzgün» funksiýasy. Ol ýazgylary, ulanyjynyň atlaryny, «Halaýanlarym», «Teswirler» we «Paýlaşmak» düwmelerini ekrandan aýyrmak arkaly wideorolikleri görmekden ünsüňizi sowmazlyga mümkinçilik berer.

Bu düzgüni işe girizmek üçin, synagdan geçmäge ygtyýar berlen ulanyjylar ekrana uzak basyp durmak bilen, «Arassa düzgün» funksiýasyny işjeňleşdirip bilerler. Clear mode düwmesi, «Halanýanlaryma goşmak» düwmesiniň aşagyndaky kontekst menýusynda peýda bolýar. Bu ulanyjylaryň atlary we ýazgylary wideonyň möhüm böleklerini ýapan mahaly, bu funksiýa örän peýdaly bolar.

TikTok — dünýäde iň meşhur sosial ulgamlaryň biridir. Ol dürli tilsimler bilen bezelen gysga aýdym-saz wideolaryny döretmäge, göni ýaýlymlary geçirmäge, özüňde galan täsirleri teswir görnüşinde ýazmaga we habarlary alyşmaga mümkinçilik berýär.

ORIENT news
Surat: researchleap.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026