HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýanyň Transmaşholdingi Türkmenistana bäş sany ýük teplowozlaryny ugratdy

Noýabr 01, 2022 | 08:21 |7694
Brýanskiniň maşyngurluşyk zawody (“Transmaşholding” PJ-niň düzümine girýär) türkmen döwlet demir ýol operatoryna – “Demirýollary” AGPJ-ne 2TE25KM magistral ýük teplowozlarynyň bäşisini ugratdy diýlip, rus öndürijisiniň saýtynda habar berilýär.Brýanskiniň maşyngurluşyk zawody (“Transmaşholding” PJ-niň düzümine girýär) türkmen döwlet demir ýol operatoryna – “Demirýollary” AGPJ-ne 2TE25KM magistral ýük teplowozlarynyň bäşisini ugratdy diýlip, rus öndürijisiniň saýtynda habar berilýär.
Çeşme:

Brýanskiniň maşyngurluşyk zawody (“Transmaşholding” PJ-niň düzümine girýär) türkmen döwlet demir ýol operatoryna – “Demirýollary” AGPJ-ne 2TE25KM magistral ýük teplowozlarynyň bäşisini ugratdy diýlip, rus öndürijisiniň saýtynda habar berilýär.

Transmaşholding 2022-nji ýylyň awgustynda baglaşylan şertnamany ýerine ýetirdi.

Brýanskiniň maşyngurluşyk zawodynyň ýük lokomotiwleri Türkmenistanda eýýäm bellidir. 2021-nji ýylda “Demirýollary” kompaniýasy işleýşinde özüni örän oňat tarapdan görkezen bir teplowoz satyn aldy.

“Demirýollaryň” wekilleri Brýanskiniň tehnikasynyň hilini we ygtybarlylygyny bellediler hem-de Transmaşholdingiň täze işläp taýýarlamalaryna gyzyklanma bildirdiler we BMZ bilen kompaniýanyň lokomotiw binýadyny täzelemek hem-de giňeltmek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etmegi maksat edinýändiklerini aýtdylar.

2TE25KM magistral ýük teplowozy 1520 mm ölçegli demir ýollaryň elektrikleşdirilmedik ugurlarynda uly möçberli ýükleriň daşalmagyny netijeli guramaga mümkinçilik berýär. Şu tapgyrdaky tehnikalar BMZ-nda 2014-nji ýyldan bäri öndürilýär hem-de çylşyrymly ýol böleklerinde dürli tebigy-howa şertlerinde (şol sanda gury we yssy howasy bolan künjeklerde) ajaýyp iş häsiýetini görkezdi.

ORIENT news
Foto: ukbmz.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026
Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

17:44 Oktýabr 13, 2026
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026