Sazyň azan atasy: dirižýor Aşyr Hojatow 70 ýaşady


Türkmen çagasy bolanda, obanyň abraýly ýaşulysyny çagyryp, perzendine azan aýtdyrýar. Ol adam azan aýdyp, durmuşa ýaňyja aýak basan çagajyga ak pata berýär. Şeýdip, onuň Azan atasy bolýar. Halk arasyndaky gürrüňlere görä, çaganyň häsiýeti azan atasynyňka çekermişin. Şonuň üçin hem her kim öz zürýadyna gowy, abraýly adamyň azan aýdanyny isleýär.
...Bir gezek menden “Iň ökde dirižýor kim?” diýip soranlarynda, “kim türkmen sazyny kän we ussatlarça ýerine ýetirýän bolsa, şol hem iň ökdesi” diýip, çyn gatyşykly oýun etdim.
Indi bolsa, Türkmenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplar simfonik orkestriniň dirižýory Aşyr Hojatow barada.
Ilki Türkmen döwlet simfonik orkestriniň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory bolup işlän döwri, soňra konserwatoriýanyň talyplar orkestrinde – jemi ýarym asyrlyk geçilen döredijilikli ýolda A. Hojatow türkmen saz sungatynyň ösmegine öz mynasyp goşandyny goşdy. Bu baha – halypanyň dirižýor hökmünde ussatlyga ýeten döwrüniň gürrüňi. Ýöne, haýran galaýmaly, çagalykda Tejen düzlüklerinde mal bakýarka tutuş meýdany konsert sahnasyna öwrüp, aýdymlara zowladýan mahaly Aşyr şol aýdymlary döredenler we ýerine ýetirenler barada, durmuşda olary görüp-gepleşip bolýandyr öýdüp, asla, pikir hem etmeýärdi...

Ol oba orta mekdebinde okaýan döwri aýdym-saza imrindi, dutar çalyp, halk aýdymlaryny aýtmagy öwrendi. Saza bolan söýgi ony Aşgabada, D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk orta mekdebine getirýär. Bagty çüwüp, ussat kompozitor we mugallym G. S. Držewskiniň hor dirižýorlygy ugurdan şägirdi bolýar. Şonda halypa Aşyryň ýaş duýgularynda professional saz sungatyna bolan sönmejek söýgüni oýaryp bilen eken.
Talyplyk ýyllaryndan başlap, simfonik orkestriň dirižýory bolmagy ýüregine düwen Hojatow bu hünäri bagt gözlän ýaly yzarlap, Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutyna (häzirki Türkmen milli konserwatorisyna) okuwa girýär. Halypasy, şol ýyllar Türkmen döwlet simfonik orkestriniň baş dirižýory O. Berdiýew Aşyry öz ýanyna – orkestriň 2-nji dirižýory wezipesine işe alanda, onuň gökdäki dilegi ýerde gowuşýar. Dirižýorlyk edilen ilkinji eserler, orkestriň älemgoşar ýaly öwüşgine baý owazlary ony jadyly girdabynda gark edýärdi.
Aşyr soňra, Sankt-Peterburgda “Gadymy we häzirki zaman sazlary orkestriniň” dirižýory E. A. Serowdan tälim alýar. Serowyň elinde simfonik orkestr boýunça kämilligini artdyrmagy A. Hojatowyň ýugrumy ýeten dirižýor bolup ýetişmeginde aýgytly pursat boldy. Mrawinskiniň orkestriniň konsertlerini, bu orkestr bilen işlän dünýäniň belli dirižýorlarynyň çykyşlaryny görmek, umuman alnanda, Newa derýasynyň boýundaky bu gadymy şäheriň gaýnap duran saz we medeni durmuşy ýaş türkmen dirižýoryna saz ummanyny gulaçlap ýüzmäge ýardam etdi.
Aşyryň halypasy E. Serowyň öz gezeginde beýik Ý. Mrawinskiniň şägirdidigini ýada salyp, üns berseň, Mrawinskiniň, Serowyň we Hojatowyň dirižýorlyk sungatynda, orkestr bilen işleýis usulynda birnäçe umumylyk duýulýar. Aşyr hem, halypalary ýaly, täze saz eserini hemme notasyna çenli belet bolarlyk derejede öwrenensoň, diňe şondan soň ony orkestr bilen işläp başlaýar we şonda-da partiturany ýanyndan goýmaýar.
Aşyryň bu aýratynlygy babatda halypa kompozitorymyz W. Muhadowyň: “Be-e, Aşyr jan, eseriň depginini, sazyň içindäki fermatalary, dyngylary, säginmeleri örän gowy duýşuňa oturyp-oturyp haýranlar galýand-a” diýen öwgüsini dirižýor öz döredijiligine berlen gymmatly serpaý hasaplaýar.

Hojatow türkmen saz muşdaklaryna dünýä nusgawy sazynyň ençeme ajaýyp eserlerini diňletdi, şonuň bilen birlikde, türkmen kompozitorlarynyň simfonik orkestr üçin ýazan ähli eserlerini halkymyzyň dykgatyna ýetirmäge çalyşdy. Ol elmydama ýaş kompozitorlary goldady we ýaş aýdymçylaryň döredijiliginiň ugrugyp gitmegine hemaýat etdi.
Häzirki wagtda ol konserwatoriýanyň simfonik orkestrine ýolbaşçylyk edýär. Talyplar bilen işleşmegiň öz aýratynlyklary bar. Birinjiden, bäş ýylyň dowamynda ýetişdiren şägirtleriň okuwyny tamamlap, olaryň ýerini täze talyplar eýeleýär we hemme zat täzeden başlanýar. Ikinjiden bolsa, orkestrde oturan 80-den gowrak talybyň hersine ýeterlik derejede üns bermeli. Şu meselede dirižýor bilen pedagog hünärlerinde meňzeşlik kän. Olaryň ikisinde-de ilki bilen psiholog bolmaly. Halypa: “Öňüňde oturanlar saz dünýäsine ýaňy gadam basan ýaşlar, olara durmuş, saz terbiýesini bermeli” diýýär.
...Diňleýjilerde eser barada iň güýçli täsir ony ilkinji gezek diňlände galýar. Täze sazyň birinji ýerine ýetirilişi onuň “dünýä inişi” bilen deňeşdirilýär. Eseriň mazmunyny diňleýjä ýetirmekde bolsa, dirižýoryň hyzmaty örän uly. “Garganyň gaz balasy” diýipdirler, her bir adamyň öz perzendine abraýly ýaşulynyň azan aýtmagyny isleýşi ýaly, kompozitorlar hem eserini ilkinji gezek ýerine ýetirmek üçin ökde dirižýora berenini kem görenoklar. Aşyr bolsa, zähmedinden gaçman, soňky 40 ýylda döredilen täze eserlere ak pata berip, olary durmuşa ugrukdyryp goýberýär.

Kompozitor üçin dirižýor dostunyň bolmagy – bagt. Bu babatda meniňki hem ugruna boldy. Aşyr döreden simfonik we wokal-simfonik eserlerimiň hemmesiniň ilkinji ýerine ýetirijisi boldy. Şonuň üçin, gargy tüýdük hem kirişli saz gurallary orkestri üçin 2-nji “Pendi nagmalary” eserimi men ilkinji ýerine ýetirijilere – dostlarym, dirižýor Aşyr Hojatowa we ussat goboýçy Ýolaman Saryýewe bagyşladym.
Aşyr Hojatow şu ýyl 70 ýaşyny arka atdy. Bu şanly senäniň Türkmen milli konserwatoriýasynyň 50 ýyllyk ýubileýi bilen gabat gelmegi bizi begendirýär. Sebäb,i bu mukaddes ojakda Aşyr hem talyplyk ýyllary okapdy, häzirki döwürde bolsa – ýaşlara halypalyk edýär.
kompozitor Suhan TÜÝLIÝEW








