Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

«Startap-ekoulgam 2022» ýaş işewür toparlary üçin halypa bolmaklyga çagyrýar

Oktýabr 29, 2022 | 16:20 |8174
«Startap-ekoulgam 2022» maksatnamasyny guraýjylar tejribeli telekeçileri, işewür-maslahat berijilerini we IT-hünärmenlerini Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda telekeçiliginiň ösmegine goldaw bermek üçin ýaş başlangyç işewür toparlarynyň halypasy hökmünde çykyş etmek maksady bilen bu maksatnama gatnaşmaga çagyrýar.«Startap-ekoulgam 2022» maksatnamasyny guraýjylar tejribeli telekeçileri, işewür-maslahat berijilerini we IT-hünärmenlerini Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda telekeçiliginiň ösmegine goldaw bermek üçin ýaş başlangyç işewür toparlarynyň halypasy hökmünde çykyş etmek maksady bilen bu maksatnama gatnaşmaga çagyrýar.
Çeşme:

«Startap-ekoulgam 2022» maksatnamasyny guraýjylar tejribeli telekeçileri, işewür-maslahat berijilerini we IT-hünärmenlerini Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda telekeçiliginiň ösmegine goldaw bermek üçin ýaş başlangyç işewür toparlarynyň halypasy hökmünde çykyş etmek maksady bilen bu maksatnama gatnaşmaga çagyrýar.

Bu maksatnama Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) häzirki zaman hünär ussatlygyny ösdürmek boýunça taslamasynyň goldamagy bilen «Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşigi» Milli jemgyýetçilik birleşigi tarapyndan geçirilýär.

Mümkin bolan halypalaryň başlangyjyna gatnaşmak — şahsy tejribäni paýlaşmak, ýolbaşçylyk ukyplaryny ýokarlandyrmak we hyzmatdaşlygyň ýollaryny giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Bazardaky ornuny tapmaga kömek etjek gowy halypasy bolan halatynda, telekeçilik ýoluna ýaňy gadam basýanlaryň işleriniň netijeliligi we önümleriniň hili ep-esli ýokarlanjakdygy şühbesizdir.

Halypalar we ýaş başlangyç işewür toparlary biri-birini aşakdaky ýaly ýagdaýda tapýarlar:

– halypalar ussatlyga ýetmek boýunça gysga kämillik okuwyny geçýärler,
– ýaş başlangyç işewür toparlara okuwy üstünlik geçen halypalaryň dalaşgärini saýlamak teklip edilýär,
– halypalar ozal olary halypa hökmünde saýlanlaryň içinden özleriniň halan ýaş başlangyç işewür topary saýlaýarlar.

Gysga ussatlygyň halypaçylyk okuwynyň çäklerindäki çäreler 2022-nji ýylyň 10-njy noýabryndan 16-njy dekabry aralygynda dürli wagtlara sazlanyp bolýan rejenama boýunça geçiriler, ol çärä gatnaşyp biljek halypalaryň mümkinçiliklerine we zerurlyklaryna baglylykda özleri üçin amatly görnüşde düzüler.

Maksatnama gatnaşmak üçin degişli arza doldurylmaly arza. Arzanyň bermegiň ahyrky möhleti – 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabry, Aşgabat wagty bilen 23:59.

«Startap-ekoulgam 2022» Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler Birleşigi we USAID-iň häzirki zaman hünär başarnyklaryny ösdürmek taslamasy tarapyndan okuw merkezleri, maslahat beriş kompaniýalary we işewürlik inkubatorlary bolmak isleýän agentlikler bilen bilelikde başlangyç telekeçiligi ösdürmek maksatnamasy boýunça üçünji tapgyrdyr.

Maksatnamanyň maksady ýaşlaryň innowasiýa telekeçiligini goldamak we Türkmenistanda işewürligi ösdürmek hyzmatlarynyň bazarynyň emele gelmegine ýardam bermekdir. Munuň ilkinji synag maksatnamasy 2020-nji ýylda amala aşyrylypdy.

ORIENT news
Surat: etu.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026