HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID Türkmenistandan daşary ýurtlara söwdany ilerletmek boýunça maslahat beriş guramalarynyň katalogyny çykardy

Oktýabr 28, 2022 | 17:07 |6445
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Merkezi Aziýadaky söwda maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistandan daşary ýurtlara söwdany ilerletmek boýunça Maslahat beriş guramalarynyň katalogyny çykardy.Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Merkezi Aziýadaky söwda maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistandan daşary ýurtlara söwdany ilerletmek boýunça Maslahat beriş guramalarynyň katalogyny çykardy.
Çeşme:

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Merkezi Aziýadaky söwda maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistandan daşary ýurtlara söwdany ilerletmek boýunça Maslahat beriş guramalarynyň katalogyny çykardy.

Türkmen we rus dillerinde düzülen katalogda eksport konsaltingi, gümrük we hukuk hyzmatlary, şeýle hem marketing pudagynda, önüm öndürmek, sertifikat taýýarlamak, satuw ulgamyny ösdürmek we ş.m. hyzmatlary hödürleýän 40-dan gowrak maslahat berijiler hakda maglumatlar bar.

Bu kataloga kompaniýalaryň bazardaky tejribesi we olaryň aragatnaşyk maglumatlary barada maglumatlar goşulýar. Interaktiw nawigasiýa elementleriniň bolsa katalogda zerur kompaniýalary gözlemegi has hem aňsatlaşdyrypdyr.

Eksport etmegi işleýänler üçin katalogda berilýän aşakdaky habar beriji maglumatlar hem olar peýdaly bolar:

– öz maslahatçyňy saýlap almak,
– maslahatçy bilen işi guramak,
– öz eksport etmeklige taýýarlygyňy özbaşdak kesgitlemek,
– tehniki tabşyrygy ýazmak.

Katalogda özleri hakda maglumat goşmak isleýän maslahat beriji kompaniýalar anketany dolduryp, ony 2022 ýylyň 31-nji oktýabryna çenli TCA_ExportSupport@dai.com salgysy boýunça iberip bilerler. Has giňişleýin maglumaty almak üçin ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň Merkezi Aziýadaky söwda maksatnamasynyň wekiline (+993 65) 68-79-65 boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

ORIENT news
Surat: publicnewstime.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026