TOPH taslamasy: sebitde parahatçylyga we umumy howpsuzlyga ýardam


TOPH gazgeçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi – munuň özi, ilkinji nobatda, sebitde hem-de taslama gatnaşyjy ýurtlarda energetika howpsuzlygydyr – Owganystany, Pakistany we Hindistany ygtybarly we arzan tebigy gaz bilen üpjün etmekdir.
Gürrüň, ilkinji nobatda, elýeterlilik barada barýar – maksatnama býujet energiýanyň hasabyna energetika bolan mätäçligi azaltmaga kömek eder hem-de Pakistany 2030-njy ýyla çenli ýurtda zerur boljak energiýanyň 50% möçberini, Hindistany bolsa 2024-nji ýyldan soň zerur boljak energiýanyň 56% bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer – diýip, öz tanyşdyrmasynda OGT-2022-ä gatnaşyjy Muhammetmyrat Amanow -- TAPI Pipeline Compani Limited kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory gürrüň berdi.
Gazgeçirijiniň infrastrukturasy döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy we kanunçylygyň hem-de halkara standartlarynyň berjaý edilmegi bilen howpsuz we ygtybarly bolar. Bu bolsa önümi ulanyja ýetirmegiň kepilidir. Mundan başga-da, TOPH uglerodyň bölünip çykmasyny azaltmagyň nusgasy bolar, şeýle hem CO2 bölünip çykmasyny azaltmak bilen, dünýäniň energetika howpsuzlygyna goşant goşar hem-de Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmäge kömek eder – diýip, TOPH-yň direktory belledi.

Taslama 2 tapgyrda amala aşyrylar – ilki bilen gaz Türkmenistanyň “Galkynyş” gaz käninden erkin akymda Owganystana, Pakistana we Hidistana iberiler. Ikinji tapgyrda uzynlygy 1853 km. bolan turbageçiriji boýunça gazy ibermegiň doly möçberli taslamasyny tamamlamak üçin gysyjy stansiýalaryň altysy goşular.
Gazgeçiriji boýunça bir ýylda 33 millard kubmetre çenli tebigy gaz iberiler. Munuň özi, Türkmenistanyň gaz gorlaryndan girdeji almaga hem-de Owganystany we Pakistany üstaşyr ýygymlaryň hasabyna goşmaça girdeji bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, tanyşdyrmanyň awtory belledi.
ORIENT news








