HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň himiýa senagaty geljegiň maýa goýum taslamalaryny işe girizmäge taýýarlaýar

Oktýabr 28, 2022 | 02:50 |9961
Türkmenistanyň himiýa senagaty ösdürmegiň strategiýasy ýurdumyzyň çig malyny has doly peýdalanmaga gönükdirilendir – ýurt tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orun hem-de gidromenirl çig malyň gorlary boýunça öňdäki orunlary birini eýeleýär: Garabogaz aýlagynyň kristalara we ýerüsti şorlary, şeýle hem ýerasty ýodbromly suwlary bar.Türkmenistanyň himiýa senagaty ösdürmegiň strategiýasy ýurdumyzyň çig malyny has doly peýdalanmaga gönükdirilendir – ýurt tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orun hem-de gidromenirl çig malyň gorlary boýunça öňdäki orunlary birini eýeleýär: Garabogaz aýlagynyň kristalara we ýerüsti şorlary, şeýle hem ýerasty ýodbromly suwlary bar.
Çeşme:

Türkmenistanyň himiýa senagaty ösdürmegiň strategiýasy ýurdumyzyň çig malyny has doly peýdalanmaga gönükdirilendir – ýurt tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orun hem-de gidromenirl çig malyň gorlary boýunça öňdäki orunlary birini eýeleýär: Garabogaz aýlagynyň kristalara we ýerüsti şorlary, şeýle hem ýerasty ýodbromly suwlary bar. Himiýa pudagynyň wezipesi uglewodorod çig malyny ýurdumyzyň hem-de halkara jemgyýetçiliginiň bähbitlerine netijeli peýdalanmakdan ybarat – diýip, Aşgabatdaky nebitgaz maslahatynyň çäklerinde çykyş edip, “Türkmenhimiýa” DK-nyň başlygy Nyýazly Nyýazlyýew gürrüň berdi.

Ol korporasiýanyň işi we soňky ýyllarda ýurdumyzda ýerine ýetirilen, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalar barada giňişleýin syn berdi, şeýle hem işe girirzlimegi ýakyn geljekde göz öňünde tutulan täze meýilnamalar barada gürrüň berdi. Soňky 4 ýylda Türkmenistanda iri himiýa desgalary – Garabogazda ammiak we karbamid öndürýän zawod, Gyýanlyda polimer öndürýän zawod, şeýle hem Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ulanylmaga berildi.

Химическая промышленность Туркменистана готовит запуск инвестиционных проектов будущего

Häzirki wagtda gazhimiýa toplumynda taslamalaryň ikinji tapgyry taýýarlanylýar, şolara gatnaşmaga Ýaponiýanyň öňde baryjy kompaniýalarynyň wekillerini çagyrmak meýilleşdirilýär. Gürrüň Garabogazda ammiak we karbmid öndürjek zawod barada barýar – täze kärhana bir ýylda 660 müň tonna ammiak öndürmäge hem-de her ýylda karbamidiň 1,155 million tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň kuwwatlylygyny bolsa bir ýylda 600 müň tonna benzin öndürmäge çenli artdyrmak maksat edinilýär. Ýeri gelende aýtsak, bu kärhana täsin toplum bolup, bu ýerde tebigy gazy gaýtadan işlemekden Ýewro-5 standarty boýunça talaplara laýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa benziniň senagat möçberlerinde dünýäde ilkinji gezek öndürilmegi amala aşyryldy – diýip, Nyýazlyýew belledi.

Ýakyn geljekde tebigy gazy çuňňur gaýtadan işlemek, azot we fosfor dökünlerini, ýodbromly önümleri, kaustik sodany we hlor öndürmek, şeýle hem Garabogaz aýlagynyň gidromineral serişdelerini toplumlaýyn özleşdirmek boýunça birnäçe häzirki zaman maýa goýum taslamalarynyň gurluşygy meýilleşdirilýär – diýip, “Türkmenhimiýa” DK-nyň başlygy çykyşynda gürrüň berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026