HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Baker Hughes: känleri gözläp tapmak – Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry

Oktýabr 27, 2022 | 18:43 |10218
Baker Hughes – bütin dünýä boýunça energetika we senagat pudagynda çözgütleri hödürleýän amerikan transmilli korporasiýasy bolup, nebitli we gazly känleri gözläp tapmak babatda Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Kompaniýa bazara ýaňy – 2019-njy ýyldan bäri goşulan-da bolsa, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän energetika we gazhimiýa taslamalaryna örän işjeň gatnaşýar. Konserniň işiniň şu we beýleki ugurlary barada OGT-2022 halkara nebitgaz forumynyň meýdançasynda Baker Hughesiň satuwlar boýunça ýolbaşçysy Aleksandr Ustýužanin ORIENT-e gürrüň berdi.Baker Hughes – bütin dünýä boýunça energetika we senagat pudagynda çözgütleri hödürleýän amerikan transmilli korporasiýasy bolup, nebitli we gazly känleri gözläp tapmak babatda Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Kompaniýa bazara ýaňy – 2019-njy ýyldan bäri goşulan-da bolsa, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän energetika we gazhimiýa taslamalaryna örän işjeň gatnaşýar. Konserniň işiniň şu we beýleki ugurlary barada OGT-2022 halkara nebitgaz forumynyň meýdançasynda Baker Hughesiň satuwlar boýunça ýolbaşçysy Aleksandr Ustýužanin ORIENT-e gürrüň berdi.
Çeşme:

Baker Hughes – bütin dünýä boýunça energetika we senagat pudagynda çözgütleri hödürleýän amerikan transmilli korporasiýasy bolup, nebitli we gazly känleri gözläp tapmak babatda Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Kompaniýa bazara ýaňy – 2019-njy ýyldan bäri goşulan-da bolsa, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän energetika we gazhimiýa taslamalaryna örän işjeň gatnaşýar. Konserniň işiniň şu we beýleki ugurlary barada OGT-2022 halkara nebitgaz forumynyň meýdançasynda Baker Hughesiň satuwlar boýunça ýolbaşçysy Aleksandr Ustýužanin ORIENT-e gürrüň berdi.

– Nebit ulgamynda hyzmat edýän kompaniýanyň iş alyp barýan ugurlarynyň sanawyna burawlamak, ätiýaçlyklaryna baha bermek, känleri enjamlaşdyrmak we beýlekiler girýär. Häzirki wagt biz iň döwrebap tehnologiýalarymyzy ulanyp, gury ýerde bolşy ýaly, Hazar deňziniň ýalpaklygynda hem nebitli we gazly känleri gözläp tapmak babatda iri operatorlar bilen hyzmatdaşlyk edýäris.

Biz türkmen meýdançasynda energiýa serişdeleri ibermekde ulanylýan işläp taýýarlamalarymyzy we çözgütlerimizi görkezmek isleýäris. Baker Hughes 2050-nji ýyla çenli uglerodyň bölünip çykmasynyň görkezijisini iň pes derejä çenli azaltmaga ýetmek hem-de buýrujylara bu meseläni çözmäge kömek etmek maksady bilen, täze tehnologiýalara maýa goýmak borçnamasyny üstüne aldy.

Baker Hughes: разведка месторождения – приоритетная сфера сотрудничества c Туркменистаном

Kompaniýa iň döwrebap usullary we çemeleşmeleri peýdalanmak bilen, barlag işlerini geçirip we bölünip çykmalary ýüze çykaryp bilýär, şeýle hem munuň üçin energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanyp bilýär.

Halkara nebitgaz maslahaty bir wagtyň özünde ähli operatorlar hem-de döwlet kompaniýalary bilen duşuşmaga, ýurduň energiýa serişdeleriniň ýagdaýy we täze infrastruktura bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döredýär. Bu bolsa biziň kompaniýamyz ýaly kompaniýalara öz maýa goýumlaryny gerekli ugra gönükdirmäge şert döredýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026