HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Tatneft” Aşgabat sergisinde öz ösüşlerini görkezýär

Oktýabr 27, 2022 | 04:08 |8007
“Tatneft” kompaniýasy iri senagat forumynyň – OGT-2022-niň çäginde çarşenbe güni açylan Aşgabat nebit-gaz sergisine gatnaşdy.“Tatneft” kompaniýasy iri senagat forumynyň – OGT-2022-niň çäginde çarşenbe güni açylan Aşgabat nebit-gaz sergisine gatnaşdy.
Çeşme:

“Tatneft” kompaniýasy iri senagat forumynyň – OGT-2022-niň çäginde çarşenbe güni açylan Aşgabat nebit-gaz sergisine gatnaşdy.

Bu sergi uglewodorodlary çykarmak, daşamak we gaýtadan işlemek, nebithimiýa, gaz himiýasy we ugurdaş nebit gazyny ýok etmek (utilizirlemek) taýdan ýeten sepgitlerini, şeýle hem, ylmy taýdan çuňňur tehnologiýalary ulanmak arkaly, iň täze enjamlary, geljegi uly bolan senagat işläp taýýarlamalaryny hödürleýän öňdebaryjy türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň 50-den gowragyny bir ýere üýşürdi.

«Татнефть» представляет свои разработки на ашхабадской выставке

Türkmenistanyň ygtybarly we uzakmöhletli hyzmatdaşy hökmünde, Tatarstan kompaniýasy sergide ýataklary özleşdirmek, gatlaklaryň önüm berijiligini we nebit önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça öz mümkinçiliklerini görkezdi.

“Tatneft” Türkmenistanda “Türkmennebit” bilen şertnama esasynda 2010-njy ýyldan bäri işleýär. Bu döwürde kompaniýa 230 guýudaky işleri tamamlady. 2022-nji ýylda günbatar Türkmenistanyň Goturdepe ýatagynda azyndan 550 nebit guýusynda bolan hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi barada goşmaça şertnama gol çekildi. Russiýanyň bu kompaniýasy, şeýle hem nebit senagaty enjamlaryny, nasos-kompressor turbalaryny abatlamak işini gurnaýar.

«Татнефть» представляет свои разработки на ашхабадской выставке

– Geljekde “Turkmennebit” bilen hyzmatdaşlygymyz geologiki we geodeziki gözlegleri, nebit önümçiligini güýçlendirmek, önümçilik prosesinde adam faktorynyň täsirini azaltmak üçin önümçilik desgalaryny sanlaşdyrmak we awtomatlaşdyrmak taslamalary öz içine alýar – diýip, “Tatneft” kompaniýasynyň wekili Damir Kamiliýew ORIENT-iň habarçysy bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

07:02 Sentýabr 19, 2026
Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

06:32 Sentýabr 19, 2026
«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

06:30 Sentýabr 19, 2026