HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan dünýäniň energiýa bazarlarynda möhüm rol oýnamaly – Çikowani

Oktýabr 27, 2022 | 02:21 |7378
Ägirt uly nebit we gaz gorlary bolan Türkmenistan dünýäniň energiýa bazarlarynda möhüm rol oýnamaly – diýip, Gruziýanyň Nebit we gaz korporasiýasynyň baş direktory Georgiý Çikowani “Türkmenistanyň nebiti we gazy" atly 27-nji Halkara maslahatynyň plenar mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.Ägirt uly nebit we gaz gorlary bolan Türkmenistan dünýäniň energiýa bazarlarynda möhüm rol oýnamaly – diýip, Gruziýanyň Nebit we gaz korporasiýasynyň baş direktory Georgiý Çikowani “Türkmenistanyň nebiti we gazy" atly 27-nji Halkara maslahatynyň plenar mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.
Çeşme:

– Ägirt uly nebit we gaz gorlary bolan Türkmenistan dünýäniň energiýa bazarlarynda möhüm rol oýnamaly – diýip, Gruziýanyň Nebit we gaz korporasiýasynyň baş direktory Georgiý Çikowani “Türkmenistanyň nebiti we gazy" atly 27-nji Halkara maslahatynyň plenar mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

Ol eksport ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we köpugurly turbageçiriji ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýanygyny belledi. Bu babatda Çikowani türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ibermek baradaky soňky şertnamany agzap geçdi.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýanyň nebit we gaz baýlyklary baradaky strategik maksatlarynyň merkezinde Türkmenistan bilen gaz gatnaşyklaryny ýola goýmaklyk üýtgewsizliginde galýar" – diýip bellän Georgiý Çikowani Türkmenistanyň 14 ýyldan gowrak wagt bäri Günorta gaz geçelgesiniň bir bölegi hasaplanýandygyny ýatlatdy.

– Bu geçelge Azerbaýjanyň we Merkezi Aziýanyň gazynyň goşmaça akymlaryny dolandyrmak üçin giňeldilip bilner, bu bolsa Türkmenistana energiýa çeşmelerini alternatiw bazarlara çykarmak üçin goşmaça mümkinçilikler berýär – diýip, Gruziýanyň Nebit we gaz korporasiýasynyň başlygy hasaplaýar.

Şol bir wagtyň özünde, ol Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynda bilelikde alnyp barylýan gözleg we özleşdirmek işleri boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky şertnamanyň ähmiýetini belläp geçdi.

Çikowani: "Häzirki wagtda ÝB-niň energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygy we diwersifikasiýasy babatdaky gyzyklanmalary Türkmenistanyň öz gaz eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmek islegine öňkülerinden has köp gabat gelýär" - diýdi. Şeýle-de, ol energiýa göterijilerine bolan barha artýan islegleri kanagatlandyrmaga ýeterlik gorlary bolan Türkmenistandan tebigy gaz almaga diňe ÝB-niň däl, eýsem Azerbaýjanyň we Gruziýanyň hem gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Bu nukdaýnazardan, ol ÝB bilen Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň, şeýle hem senagatyň we halkara maliýe toparlarynyň wekilleriniň arasynda ýakyndan gepleşikleri geçirmäge çagyrdy.

"Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022" atly 27-nji Halkara maslahaty Aşgabatda 26-njy oktýabr, çarşenbe güni açyldy. Forum Türkmenistanyň ýokary derejeli resmi adamlaryny, Energetika Hartiýasynyň wekillerini, onlarça ýurtdan nebit we gaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny, pudak hünärmenlerini we halkara guramalarynyň bilermenlerini bir ýere jemlemek bilen, energiýa pudagynyň häzirki wagtda ýüzbe-ýüz bolýan dünýä we sebit derejesindäki kynçylyklaryny, hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň we uglewodorod pudagyna maýa goýumlaryny çekmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçilik berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

21:00 Iýul 23, 2026
Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

19:30 Iýul 23, 2026
Owganystandaky suw joşmalary: 20 adam heläk boldy, 80 adam ýaralandy, 100-den gowrak adam dereksiz ýitdi

Owganystandaky suw joşmalary: 20 adam heläk boldy, 80 adam ýaralandy, 100-den gowrak adam dereksiz ýitdi

18:00 Iýul 23, 2026