Aşgabatda Ýewropanyň medeniýet hepdeligi açyldy


24-nji oktýabrda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi açyldy. "Dürlülikde bitewilik" şygary bilen geçirilýän bu döredijilik çäresi Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda dabaraly açylyşa bagyşlanan konsertden badalga aldy.
– Konsert başlamazdan ozal, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisiniň wezipesini ýerine ýetirýän Renata Vrubel, GFR-iň we Rumyniýanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri Mihael Uwe Bierhoff bilen Ion Naval çykyş etdiler – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Soňra Latwiýanyň dirižýory Wita Timermaneniň dirižýorlyk etmeginde Türkmenistanyň Döwlet horunyň gatnaşmagynda konsert geçirildi. Mosartyň, Mendelsonyň, Rossininiň, Bellininiň, Gendeliň we Ýewropanyň beýleki nusgawy saz eserlerini ýerine ýetiren Döwlet simfoniki orkestri hora sazandarlyk etdi.
Aşgabatdaky Ýewropa medeniýet hepdeligi 31-nji oktýabra çenli dowam eder. Onuň çäklerinde dürli sergiler, konsertler, leksiýalar we beýleki sungat çäreleri, şeýle hem paýtagtyň ÝOM-niň birnäçesinde “Italýan dili günleri” geçiriler. Hepdeligiň iň gyzykly wakalarynyň biriniň aşpezlik festiwaly bolmagyna garaşylýar.
Ýewropanyň Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasy bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news








