Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilýän MA-Koreýa Respublikasy forumyna gatnaşýar


"Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy" 15-nji Hyzmatdaşlyk forumynyň işine gatnaşmak üçin wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda iş saparynda bolýar.
Forumyň gün tertibi saglygy goraýyş, sanlaşdyrmak, syýahatçylyk, daşky gurşaw we ykdysady howpsuzlyk ugurlaryndaky özara gatnaşyklar baradaky meseleleri öz içine alýar.
Çärä Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edralarynyň, akademiki we bilermenler toparlarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäginde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar hem meýilleşdirildi.
Duşenbe güni Raşid Meredow Koreýa Respublikasynyň Milli assambleýasynyň başlygy Kim Çžin Phe bilen duşuşdy. Parlamentara hyzmatdaşlyk, energetika hem-de infrastruktura ýaly ugurlarda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak barada pikir alyşma boldy diýip, koreýanyň News Today neşiri ýazýar.
Şeýle hem, Koreýa kompaniýalarynyň Türkmenistanda iri gaz himiýa taslamalaryna, hususan-da, bahasy 4 milliard ABŞ dollary bolan GTL (Gas to Liquid) zawodynyň gurluşygyna gatnaşmagynyň mümkinçiligi barada gürrüň edildi. Paýtagtda hem-de beýleki welaýatlarda bolşy ýaly, türkmen mekdeplerinde we beýleki bilim edaralarynda koreý diliniň okadylyşyny giňeltmek baradaky meselä deglip geçildi.
Şeýle hem ylmy diplomatiýa ugry boýunça, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Günorta Koreýanyň parlamentiniň Baştutany Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky möhüm halka hökmünde Seulyň daşary syýasat strategiýasynda Merkezi Aziýa sebitiniň möhümdigini belledi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Koreýadaky ilçisi Begenç Durdyýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew gatnaşdylar.
“Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 15-nji Hyzmatdaşlyk forumyna, her ýyl geçirilýän forumyň Pusanda 26-njy oktýabrda geçiriljek Ykdysady geňeşiniň 3-nji mejlisi gabatlanyldy.
Duşuşykda "Ählumumy ykdysady gurşawyndaky üýtgeşmelere jogap hökmünde Koreýa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri hem-de maslahat beriş edaralar üçin taslamalar boýunça teklipleri gözläp tapmak" diýen, meseläniň çäklerinde, sebitleriň arasynda ykdysady taýdan alyşmalaryň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak maksat edinilýär.
Elektron täjirçiligi, tehnologiýalary alyşmak hem-de söwda üpjünçilik ulgamyny guramakda özara hereket etmek babatda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine garalar.
ORIENT news
Foto: tvseoul.kr








