HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan halkara ýük daşalmagyna has amatly tölegleri girizýär

Oktýabr 21, 2022 | 21:44 |6592
Daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulaglary Türkmenistana getirilende we onuň çäginden üstaşyr geçirilende, olaryň eýelerinden alynýan ýygymlar hem-de tölegler 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryndan 2023-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli döwür üçin bellenildi.Daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulaglary Türkmenistana getirilende we onuň çäginden üstaşyr geçirilende, olaryň eýelerinden alynýan ýygymlar hem-de tölegler 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryndan 2023-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli döwür üçin bellenildi.
Çeşme:

Daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulaglary Türkmenistana getirilende we onuň çäginden üstaşyr geçirilende, olaryň eýelerinden alynýan ýygymlar hem-de tölegler 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryndan 2023-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli döwür üçin bellenildi.

Bu baradaky karara Türkmenistanyň Prezidenti penşenbe güni gol çekdi. Çözgüt ulaglar ulgamynyň halkara gatnawlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de Türkmenistanyň üstünden geçýän sebitleýin üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiligini amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Hususan-da, ýygymlaryň ýük daşaýjylar üçin täze, has amatly ulgamy Aşgabat Ylalaşygyna (Eýranyň, Omanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda) hem-de Lazuli ugry boýunça taslama (Owganystandan Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä, Kawkaza we Ýewropa) gatnaşyjy döwletleriň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer.

Ulag we kommunikasiýalar agentliginde ORIENT-e düşündirişleri ýaly, tölegleriň peseldilmegi bu ugurlar boýunça ýük akymlarynyň hem-de sebitleýin söwdanyň möçberleriniň artdyrylmagyna itergi berer.

Hususan-da, ýurduň çägine gelýän tirkegler üçin ýygymlaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 150 dollaryna, üstaşyr barýan tirkegler üçin bolsa 100 dollara deň bolar. Resminama amallaryny bellige almagyň hem-de gümrük amallaryny, trekingi, ösümlikleriň karantin gözden geçirilişini we dezinfeksiýa taýdan işlenilmegini amala aşyrmagyň ýygymlary şu baha girýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026