Türkmenistanyň Prezidentiniň bayragyny almak ugrunda döredijilik bäsleşigi yglan edildi


Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmenin Altyn asyry" baýragyny almak ugrundaky döredijilik işleriniň bäsleşigi yglan edildi. Bu barada Karara döwlet baştutany penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çekdi – diýlip, milli habarlar gullugynyň habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda habar berildi.
Resminama laýyklykda, bäsleşige daşary ýurtly döredijilik we medeniýet işgärleri hem gatnaşyp bilerler. Her ýyl geçirilýän "Türkmeniň Altyn asyry" bäsleşigi nusgawy döredijilik we häzirkizaman sungaty bilen baglanyşykly hünärleriň wekilleriniň arasynda dürli nominasiýalarda geçirilýär.
Şeýle hem, bäsleşigiň çäklerinde aýratynlykda – höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň telebäsleşigi, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda bäsleşik we zehinli çagalaryň arasynda bäsleşik geçiriler.
"Türkmenin Altyn asyry" baýragy ugrundaky bäsleşik edebiýat, aýdym-saz, teatr, tans we sungatyň beýleki görnüşlerinden täze eserleriň döremegine itergi bermek üçin döredildi. Halk döredijiligi we senetkärlik, žurnalistika, telewideniýe we kinematografiýa, kitaphana we muzeý işleri, dizaýn we çaphana - ýurduň esasy döredijilik baýragy bu ugurlaryň hemmesini gurşap alýar.
ORIENT news








