HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabadyň haýwanat bagynda nil krokodiliniň çagasy boldy

Oktýabr 20, 2022 | 20:35 |17481
«MIR 24» teleýaýlymynyň habar bermegine görä, Aşgabadyň haýwanat bagyndaky nil krokodiliniň jübütiniň çagasy boldy.«MIR 24» teleýaýlymynyň habar bermegine görä, Aşgabadyň haýwanat bagyndaky nil krokodiliniň jübütiniň çagasy boldy.
Çeşme:

«MIR 24» teleýaýlymynyň habar bermegine görä, Aşgabadyň haýwanat bagyndaky nil krokodiliniň jübütiniň çagasy boldy.

Krokodilden nesil almak üçin haýwanat bagynyň işgärleri tomsuň başynda öz seredýän jandarlarynyň ýumurtgalaryny inkubatorda goýdular. Krokodil çagasy 120 günden soň ýumurtgadan çykdy. Häzir çaga krokodil aýratyn terrariumda karantinde saklanýar, birneme gurplanandan soň bolsa ol bu ýere myhmanlara görkezmek üçin çykarylar.

«Nil krokodilleriniň ýumurtgalary örän gaty bolýar, ýöne inkubasiýa wagtynda gabyk gitdigiçe ýukalýar. Wagty gelende, krokodil gabygy çeýnäp, öz «öýjagazyndan» çykmagy başardy we gurbagalaryň çykarýan sesine meňzeş ses çykaryp başlady» - diýip, gezelençleriň ýolbeledi Şirin Berdiýewa gürrüň berýär. Bu Aşgabadyň haýwanat bagynda nil krokodilleriniň ýumurtgalarynyň ilkinji goýulyşydyr – diýip, ol nygtady.

Ýaňy-ýakynda Afrikanyň yklymynyň çäklerinde ýabany tebigatda ýaşaýan žiraflaryň jübütiniň türkmeniň paýtagtyndaky haýwanat bagynda ilkinji çagasy hem peýda boldy.

2010-njy ýylda açylan Türkmenistanyň Janly tebigatyň milli muzeýi 40 gektardan gowrak meýdany tutmak bilen, sebitde iň uly haýwanat bagydyr. Onuň çäklerinde haýwanlaryň 250-den gowrak görnüşi bar. Olaryň köpüsi Gyzyl kitaba girizilendir.

ORIENT news
Surat: pinterest.co.uk

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026