HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: uçar kerosini, dizel ýangyjy we STG islegden peýdalanyldy

Oktýabr 20, 2022 | 06:28 |6351
Sişenbe güni, 18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $48,4 million bolan 11 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Sişenbe güni, 18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $48,4 million bolan 11 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Sişenbe güni, 18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $48,4 million bolan 11 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Wirgin adalarynyň, Özbegistanyň we Owganystanyň wekilleri bir tonnasynyň bahasy $1 051 deň bolan TS-1 awiasiýa kerosininiň jemi 19 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy $19,9 million barabar boldy.

BAE-niň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri söwdalaryň dowamynda $28,2 million deň bolan gidrousulda arassalanan dizel ýangyjynyň 26,9 müň tonnasyny satyn aldylar. Önümiň bir tonnasynyň bahasy $1 050,25 möçberinde kesgitlendi.

Owganystanyň wekili suwuklandyrylan tebigy gazyň her tonnasyna $438 teklip edip, $219 müň deň bolan 500 tonna STG satyn almaga geleşik baglaşdy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026