HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek taslamasy öňe ilerledilýär

Oktýabr 17, 2022 | 20:00 |7236
Ýekşenbe güni Türkmenistanyň hökümetiniň giňişleýin mejlisinde türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny – bilelikdäki söwda merkezini döretmek baradaky taslamany öňe ilerletmek wise-premýer Batyr Atdaýewiň hasabatynyň esasy meselesi boldy.Ýekşenbe güni Türkmenistanyň hökümetiniň giňişleýin mejlisinde türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny – bilelikdäki söwda merkezini döretmek baradaky taslamany öňe ilerletmek wise-premýer Batyr Atdaýewiň hasabatynyň esasy meselesi boldy.
Çeşme:

Ýekşenbe güni Türkmenistanyň hökümetiniň giňişleýin mejlisinde türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny – bilelikdäki söwda merkezini döretmek baradaky taslamany öňe ilerletmek wise-premýer Batyr Atdaýewiň hasabatynyň esasy meselesi boldy.

Wise-premýer bu zolagyň ýerleşjek ýeri hem-de eýelejek meýdany baradaky teklibi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi. Şol ýerde lomaý we bölek söwda üçin hemme şertler dörediler.

Soňky 5 ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda haryt dolanyşygy 5 esseden artdy hem-de 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça 902 mln. dollardan geçdi. Şunda Özbegistandan Türkmenistana harytlaryň importy we hyzmatlar ýarym esseden gowrak artdy, türkmen harytlarynyň goňşy ýurda eksporty we hyzmatlary bolsa 1,3 esse ýokarlandy.

2022-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagy dowam edýär, bu bolsa özara söwdanyň görkezijisini 1 mlrd. dollara ýetirmek barada öňde goýlam maksada ýetmäge ýakynlaşdyrýar.

2022-nji ýylyň 13-nji iýulynda Buharada geçirilen sebitleriň forumynyň barşynda taraplar “Lebap-Buhara” we “Daşoguz-Horezm” serhetýaka söwda zolagyny işe girizilmegi ugrundaky işleri güýçlendirmegi ylalaşdylar.

Seljerijileriň pikirine görä, Daşkent we Aşgabat syýasy-ykdysady taýdan işjeň gatnaşyklaryň saklanylmagynda hem-de has-da ösdürilmeginde sebitleýin hyzmatdaşlygy öňe ilerlediş häsiýetine eýe bolup bilerler. Şunda geljek hepde özbek Lideriniň Türkmenistana boljak sapary bilen täze sahypa açylar.

ORIENT news
Foto: gazeta.uz

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026