Halk Maslahatynyň Başlygy Ahalyň täze merkeziniň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşdy

Oktýabr 17, 2022 | 04:48 |8288
Türkmenistanyň Milli Geneşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezindäki binalaryň gurluşygy we köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümine taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada "Türkmenistan şu gün" saýty habar berdi.Türkmenistanyň Milli Geneşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezindäki binalaryň gurluşygy we köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümine taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada "Türkmenistan şu gün" saýty habar berdi.
Çeşme:

Türkmenistanyň Milli Geneşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezindäki binalaryň gurluşygy we köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümine taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada "Türkmenistan şu gün" saýty habar berdi.

Председатель Халк Маслахаты проинспектировал строительство нового центра Ахала

Iş saparynda Gurbanguly Berdimuhamedowa ýoldaş bolan täze merkeziň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow we täze şäheriň häkimi Şamuhammet Durdylyýew Halk Maslahatynyň Başlygyna häzirki wagtda dowam edýän we meýilleşdirilýän işler barada maglumat berdiler.

Председатель Халк Маслахаты проинспектировал строительство нового центра Ахала

Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmaga görülýän taýýarlyga ünsi çekdi we täze edara ediş merkeziniň gurluşygy, täze jaýlaryň geljekki eýeleri üçin amatly ýaşaýyş giňişliginiň we ýaşaýyş gurşawynyň döredilmegi barada D.Orazowyň we Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Председатель Халк Маслахаты проинспектировал строительство нового центра Ахала

Halk Maslahatynyň Başlygyna bu uly göwrümli gurluşyk meýdançasynda iş alyp barýan hususy gurluşyk kompaniýalarynyň işi barada jikme-jik maglumat berildi, Gurbanguly Berdimuhamedow täze şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilişini şahsy gözegçilikde saklamak bilen, bu ýerde alnyp barylýan işleriň gidişi bilen yzygiderli tanyşyp durýar.

Председатель Халк Маслахаты проинспектировал строительство нового центра Ахала

Halk Maslahatynyň Başlygy Ahalyň täze dolandyryş merkezine eden saparynyň dowamynda Akhan atly bedewiň heýkeli oturdylan ýerine baryp gördi.

ORIENT news