HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kabul Owganystany goldamak boýunça halkara toparyny döretmek baradaky başlangyjy goldady

Oktýabr 18, 2022 | 14:49 |6583
TOLO news agentliginiň habar bermegine görä, Owganystan Yslam Emirliginiň Katardaky syýasy edarasynyň baştutany Suhail Şahin Owganystana degişli meseleleri çözmek boýunça halkara toparynyň döredilmegini goldady.TOLO news agentliginiň habar bermegine görä, Owganystan Yslam Emirliginiň Katardaky syýasy edarasynyň baştutany Suhail Şahin Owganystana degişli meseleleri çözmek boýunça halkara toparynyň döredilmegini goldady.
Çeşme:

TOLO news agentliginiň habar bermegine görä, Owganystan Yslam Emirliginiň Katardaky syýasy edarasynyň baştutany Suhail Şahin Owganystana degişli meseleleri çözmek boýunça halkara toparynyň döredilmegini goldady.

Şahiniň sözlerine görä, halkara toparynyň döredilmegi Owganystanyň daşarky dünýä bilen gatnaşyklaryny ýola goýmaklygyny işjeňleşdirer we mundan beýläk sanksiýalaryň azabyndan owgan halkyny dyndarmaga kömek eder.

Bu teklip bilen penşenbe güni Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Astanada geçirilen Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI Sammitinde çykyş etdi.

«Bu teklip ýerliklidir, çünki şunuň ýaly zatlar Owganystan bilen daşarky dünýäniň arasyndaky gatnaşyklary üpjün eder», — diýip, TOLO news agentligi syýasatşynas Şir Hassan Hassanyň pikirini getirýär.

Doly derejeli gurama öwrülýän Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň (CICA) çäklerinde ozal geçirilen duşuşyklarda Russiýa, Pakistan, Özbegistan we Eýran Owganystanda parahat durmuşy dikeltmek temasyny gozgapdylar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bu guramada synçy derejesine eýedir.

ORIENT news
Surat: asiaplustj.info

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026