Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlaryny Türkmenistanyň ulag taslamalaryna birikmeklige çagyrdy


Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Astanada geçirilen sammitiniň barşynda GDA ýurtlarynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen günorta ugur boýunça öňe sürlen energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalaryna birigip biljekdiklerini beýan etdi.
«Bu juda geljegi uly we bähbitli iş. Geliň mümkin boljak hyzmatdaşlarymyza şu taslamalar boýunça gepleşikleriň köp taraply mehanizmini işe girizmeklerini teklip edeliň», – diýip türkmen döwletiniň Baştutany sammitdäki çykyşynda nygtady.
Türkmenistanyň Baştutany ýurduň Owganystan, Eýran we Pakistan bilen baglanyşykly taslamalaryň Hindi ummanyna çykmak bilen, Pars aýlagy ýurtlaryna hem-de Ýakyn Gündogara soňraky difersifisirlenmegi meýilleşdirilýär.
Serdar Berdimuhamedow şunuň ýaly başlangyçlara gatnaşmak oňyn hem gyzyklanma bildirilýän seslenmä eýe boljakdygyna ynanýandygyny beýan etdi we GDA-nyň ugurdaş komitetlerine degişli tabşyryklaryň we ygtyýarlyklaryň berilmegine çagyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem Dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň gatnaşmagy bilen Hazar deňziniň sebitinde utgaşdyrylan logistikanyň häzirki zaman ulgamynyň döredilmeginde hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan mümkinçiliklerini görýändigini belledi.
ORIENT news
Surat: redaksiýanyň arhiwinden








