HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenabatda senetçilik we amaly-haşam sungatynyň halkara festiwaly geçirilýär

Oktýabr 14, 2022 | 21:20 |7714
«Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» halkara festiwaly çarşenbe güni Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde başlandy, bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.«Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» halkara festiwaly çarşenbe güni Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde başlandy, bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Çeşme:

«Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» halkara festiwaly çarşenbe güni Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde başlandy, bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Döredijilik çäresiniň maksady — türkmen halkynyň özboluşly we gadymy medeniýetini, garaşsyz döwlet hökmünde Türkmenistanyň ösüşindäki möhüm ornuny we ägirt uly döredijilik mümkinçilikerini görkezmekdir.

В Туркменабате проходит международный фестиваль декоративно-прикладного искусства

Festiwalyň dabaraly açylyşy «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi, ol ýerde Türkmenistanyň gündogar sebitiniň birleşen döredijilik toparlary çykyş etdiler. Baýramçylyga ýurduň hökümetiniň agzalary, medeniýet ulamynyň wekilleri, welaýat we şäher häkimliginiň işgärleri gatnaşdylar.

Foruma daşary ýurtlardan Koreýa Respublikasynyň, Latwiýanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Eýranyň medeni işgärleri, suratkeşleri, senetçileri gatnaşdylar.

В Туркменабате проходит международный фестиваль декоративно-прикладного искусства

Halkara festiwalynyň çäklerinde 35 müňden gowrak eksponat saklanýan Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we senetçilige degişli işleriň sergisi açyldy.

Myhmanlar dürli amaly-haşam sungatynyň, senetçiligiň, keramika we heýkeltaraşlyk, nakgaşlaryň we suratkeşleriň döredijilik işleri, haly we palas önümleri, keçeleri, gobelenleri, deri we sütük önümleri bilen tanyşdylar.

В Туркменабате проходит международный фестиваль декоративно-прикладного искусства

Festiwalyň ilkinji güni türkmen durmuşy ähli ajaýyplyklaryny jikme-jik beýan edýän «Gyzyl kürte» çeper filminiň görkezilmegi bilen tamamlandy. Bu filmiň görkezilişi Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda geçirildi. Festiwal 14-nji oktýabrda tamamlanýar.

ORIENT news
Surat: Alty Asyr teleýaýlymynyň kadrlary

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026