Türkmenabatda senetçilik we amaly-haşam sungatynyň halkara festiwaly geçirilýär


«Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» halkara festiwaly çarşenbe güni Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde başlandy, bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Döredijilik çäresiniň maksady — türkmen halkynyň özboluşly we gadymy medeniýetini, garaşsyz döwlet hökmünde Türkmenistanyň ösüşindäki möhüm ornuny we ägirt uly döredijilik mümkinçilikerini görkezmekdir.

Festiwalyň dabaraly açylyşy «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi, ol ýerde Türkmenistanyň gündogar sebitiniň birleşen döredijilik toparlary çykyş etdiler. Baýramçylyga ýurduň hökümetiniň agzalary, medeniýet ulamynyň wekilleri, welaýat we şäher häkimliginiň işgärleri gatnaşdylar.
Foruma daşary ýurtlardan Koreýa Respublikasynyň, Latwiýanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Eýranyň medeni işgärleri, suratkeşleri, senetçileri gatnaşdylar.

Halkara festiwalynyň çäklerinde 35 müňden gowrak eksponat saklanýan Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we senetçilige degişli işleriň sergisi açyldy.
Myhmanlar dürli amaly-haşam sungatynyň, senetçiligiň, keramika we heýkeltaraşlyk, nakgaşlaryň we suratkeşleriň döredijilik işleri, haly we palas önümleri, keçeleri, gobelenleri, deri we sütük önümleri bilen tanyşdylar.

Festiwalyň ilkinji güni türkmen durmuşy ähli ajaýyplyklaryny jikme-jik beýan edýän «Gyzyl kürte» çeper filminiň görkezilmegi bilen tamamlandy. Bu filmiň görkezilişi Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda geçirildi. Festiwal 14-nji oktýabrda tamamlanýar.
ORIENT news
Surat: Alty Asyr teleýaýlymynyň kadrlary








