HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

YÖB satyn almagyň täze konsepsiýasy boýunça okuw maslahatyny geçirdi

Oktýabr 13, 2022 | 23:45 |5303
Yslam ösüş banky satyn almagyň täze konsepsiýasyny has netijeli ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň döwlet gullukçylary üçin okuw maslahatyny geçirdi.Yslam ösüş banky satyn almagyň täze konsepsiýasyny has netijeli ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň döwlet gullukçylary üçin okuw maslahatyny geçirdi.
Çeşme:

Yslam ösüş banky satyn almagyň täze konsepsiýasyny has netijeli ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň döwlet gullukçylary üçin okuw maslahatyny geçirdi.

Çäre satyn alyş ulgamynda häzirki we geljekki başlangyçlary hem-de özgertmeleri goldamaga, şeýle hem hemişe üýtgäp durýan satyn alyş ulgamyna has oňat uýgunlaşmak üçin Türkmenistana kömek etmäge we ýurtda satyn alyş ulgamyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Okuw maslahatynyň dowamynda YÖB-de maliýe menejmentiniň ýörelgelerine we tejribesine gözegçilik edýan Aamir Mir, Yslam ösüş bankynyň Almatydaky sebit merkeziniň ýolbaşçysy Ibragim Şukri, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň karz bölüminiň müdiri Döwlet Hydyrow çykyş etdiler.

Iňlis we rus dillerinde geçirilen dört günlük okuw maslahaty satyn alyş we maliýe taýdan dolandyryş ulgamynda bilim hem-de öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin meýdança öwrüldi. Okuw maslahatyna 40-dan gowrak adam işjeň gatnaşyp, maliýe meselelerine degişli jedelleri çözmek tejribesi, şertnamalaryň we maliýe serişdeleriniň dolandyrylyşy, şeýle hem bankyň halallyk ýörelgeleriniň berjaý edilişi bilen tanyşdylar.

Yslam ösüş banky, adatça bolşy ýaly, netijeli satyn alyş işlerini üpjün etmek boýunça başlangyçlary goldaýar hem-de YÖB-niň täze satyn alyş ulgamynyň gurallary bilen tanyşdyrýar. Şol täze ulgam nyrhlaryň we hiliň deňeçerliginiň has oňyn artykmaçlyklaryny hödürleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026