Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmen dizaýnerleri we senetçileri «Dizaýn-2022» sergisinde öz işlerini görkezdiler

Oktýabr 11, 2022 | 23:40 |14888
«Dizaýn-2022» forumynyň çäklerinde geçirilen «Serhetsiz dizaýn» halkara sergisi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda daşary ýurtly myhmanlar we paýtagtyň ýaşaýjylary üçin özüniň sergi pawilionlaryny giňden açdy.«Dizaýn-2022» forumynyň çäklerinde geçirilen «Serhetsiz dizaýn» halkara sergisi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda daşary ýurtly myhmanlar we paýtagtyň ýaşaýjylary üçin özüniň sergi pawilionlaryny giňden açdy.
Çeşme:

«Dizaýn-2022» forumynyň çäklerinde geçirilen «Serhetsiz dizaýn» halkara sergisi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda daşary ýurtly myhmanlar we paýtagtyň ýaşaýjylary üçin özüniň sergi pawilionlaryny giňden açdy.

Туркменские дизайнеры и ремесленники продемонстрировали свои работы на выставке «Дизайн-2022»

Sergide türkmen ussalarynyň, zenanlarynyň, senetçileriniň we halk we amaly-haşam sungatynyňhöwesjeň toplaýjylarynyň ajaýyp eserleri we täsin el işleri görkezildi.

Туркменские дизайнеры и ремесленники продемонстрировали свои работы на выставке «Дизайн-2022»

Milli nagyşlar bilen bezelen el işleri, binagärlik taslamalarynyň çyzgylary we maketleri, milli köýnekleriň görnüşleri, brend eşikleriň ekspozisiýalary diňe bir döwlet edaralary we hususy kärhanalar tarapyndan däl-de, eýsem özbaşdak işleýän raýatlar tarapyndan hem görkezildi. Olartürkmen halkynyň özboluşly milli medeniýetini ähli ýerde bilinmegi üçin halkymyzyň milli sungatynygiň köpçülige ýaýratmak boýunça uly işleri edýärler.

Туркменские дизайнеры и ремесленники продемонстрировали свои работы на выставке «Дизайн-2022»

Sergide görnüşe çykarylan kompozisiýalaryň arasynda Türkmenistanyň çäginde tapylan arheologiki tapyndylary - gap-gaçlary, runnlary, küýzeleri we gadymy çanaklary dikeltmekde ýeke-täk ussat Dmitriý Matweýewiň ýerine ýetiren işleri hem bar, olaryň käbiri Türkmenistanyň döwlet muzeýinde saklanylýar.

Туркменские дизайнеры и ремесленники продемонстрировали свои работы на выставке «Дизайн-2022»

Matweýewiň ussatlyk bilen ýerine ýetiren işleri sergide iň täsir galdyryjy we ajaýyp zatlaryň birine öwrüldi. Ussadyň sözlerine görä, sergi öz işleriňigörkezmek mümkinçiliginden başga-da, özbaşdak işleýänlere biziň ýurdumyzda halk we amaly-haşamsenetçiligiň ýokary ösüşini görkezmäge ýardamedýär.

Forumyň çäklerinde maslahat, moda görkezilişi guraldy, täze kitap daşlarynyň dizaýnlary, reňkli nagyşlar bilen bezelen ajaýyp suratlar görkezildi.

Туркменские дизайнеры и ремесленники продемонстрировали свои работы на выставке «Дизайн-2022»

Foruma ABŞ-dan, Hytaýdan, Türkiýeden, Ukrainadan, Özbegistandan, Gazagystandan gelen daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar, olar milli daşky görnüşleriň we şekilleriň nepisligine ýokary baha berdiler. Şeýle hem sergä Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri we ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary çagyryldy.

ORIENT news
Surat: redaksiýanyňky

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026