Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy Aşgabatda konsert bilen bellendi


«МИР 24» portalynyň habar bermegine görä, Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan uly konsert geçirildi.

Mukamlar köşgüniň sahnasynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri ermeni kompozitorynyň, SSSR-iň halk artisti, ussat pianinoçy we mugallym Arno Babajanyanyň iň meşhur eserlerini ýerine ýetirdi.
Ýerine ýetirilen eserleriň kompozitoryň arasynda «Королева красоты» («Gözelleriň soltany»), «Верни мне музыку» («Sazymy gaýdyp ber»), «Чертово колесо» («Çarhy pelek»), «Лучший город земли» («Zeminiň iň gözel şäheri») we ş.m. iň gowy görlüp diňlenen eserleri bar.
Medeni çäräniň dowamynda meşhur kompozitoryň durmuşyndan sahnalar sazandalaryň arkasyndaky uly ekranda görkezildi, bu bolsa tomaşaçylarda uly täsirleri galdyryp, olary Arno Babajanýanyň meşhur eserlerini döreden ýyllaryna sary alyp gitdi.
ORIENT news
Surat: «MIR24-iň» reportažyndan parçalar








