Türkmen dizaýnerleri we senetçileri «Dizaýn-2022» sergisinde öz işlerini görkezdiler


«Dizaýn-2022» forumynyň çäklerinde geçirilen «Serhetsiz dizaýn» halkara sergisi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda daşary ýurtly myhmanlar we paýtagtyň ýaşaýjylary üçin özüniň sergi pawilionlaryny giňden açdy.

Sergide türkmen ussalarynyň, zenanlarynyň, senetçileriniň we halk we amaly-haşam sungatynyňhöwesjeň toplaýjylarynyň ajaýyp eserleri we täsin el işleri görkezildi.

Milli nagyşlar bilen bezelen el işleri, binagärlik taslamalarynyň çyzgylary we maketleri, milli köýnekleriň görnüşleri, brend eşikleriň ekspozisiýalary diňe bir döwlet edaralary we hususy kärhanalar tarapyndan däl-de, eýsem özbaşdak işleýän raýatlar tarapyndan hem görkezildi. Olartürkmen halkynyň özboluşly milli medeniýetini ähli ýerde bilinmegi üçin halkymyzyň milli sungatynygiň köpçülige ýaýratmak boýunça uly işleri edýärler.

Sergide görnüşe çykarylan kompozisiýalaryň arasynda Türkmenistanyň çäginde tapylan arheologiki tapyndylary - gap-gaçlary, runnlary, küýzeleri we gadymy çanaklary dikeltmekde ýeke-täk ussat Dmitriý Matweýewiň ýerine ýetiren işleri hem bar, olaryň käbiri Türkmenistanyň döwlet muzeýinde saklanylýar.

Matweýewiň ussatlyk bilen ýerine ýetiren işleri sergide iň täsir galdyryjy we ajaýyp zatlaryň birine öwrüldi. Ussadyň sözlerine görä, sergi öz işleriňigörkezmek mümkinçiliginden başga-da, özbaşdak işleýänlere biziň ýurdumyzda halk we amaly-haşamsenetçiligiň ýokary ösüşini görkezmäge ýardamedýär.
Forumyň çäklerinde maslahat, moda görkezilişi guraldy, täze kitap daşlarynyň dizaýnlary, reňkli nagyşlar bilen bezelen ajaýyp suratlar görkezildi.

Foruma ABŞ-dan, Hytaýdan, Türkiýeden, Ukrainadan, Özbegistandan, Gazagystandan gelen daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar, olar milli daşky görnüşleriň we şekilleriň nepisligine ýokary baha berdiler. Şeýle hem sergä Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri we ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary çagyryldy.
ORIENT news
Surat: redaksiýanyňky








