HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Germaniýada allergiýany bejermegiň usuly tapyldy

Oktýabr 11, 2022 | 23:30 |7059
Paul Erlih institutynyň we Gessen uniwersitetiniň nemes alymlary allergiýany bejermegiň täze usulyny teklip etdiler. Allergiýa ylmy žurnalynyň habar bermegine görä, bejergi rFlaA: Betv1 birleşýän belogyň ulanylmagyna esaslanýar.Paul Erlih institutynyň we Gessen uniwersitetiniň nemes alymlary allergiýany bejermegiň täze usulyny teklip etdiler. Allergiýa ylmy žurnalynyň habar bermegine görä, bejergi rFlaA: Betv1 birleşýän belogyň ulanylmagyna esaslanýar.
Çeşme:

Paul Erlih institutynyň we Gessen uniwersitetiniň nemes alymlary allergiýany bejermegiň täze usulyny teklip etdiler. Allergiýa ylmy žurnalynyň habar bermegine görä, bejergi rFlaA: Betv1 birleşýän belogyň ulanylmagyna esaslanýar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýä ilatynyň dörtden birine çenli allergiýanyň köp görnüşlerinden ejir çekýär. Ondan öň lukmançylyk allergiýanyň diňe alamatlaryny bejermegi teklip edýärdi. Emma soňky ýyllarda alymlar allergiýanyň netijelerini däl-de, sebäbini ýok etmek üçin döredilen täze çemeleşmeleri işläp düzýärler.

Germaniýaly ylmy gözlegçiler berýoza tozanjyklarynyň allergeninden bolan belogy Bet v 1-den we Listeria monositogen bakteriýasyndan flagella belogy rFlaA sintez etdiler. Laboratoriýa synaglary munuň öýjükleriň aşa allergiki täsirini basyp ýatyrýan IL-10 maddasynyň önümçiliginiň ýokarlanmagyna sebäp bolýandygyny görkezdi.

Ylmy gözlegçiler, allergen saklaýan rFlaA: Betv1 belogynyň B öýjüklerine, immun ulgamynyň aýratyn öýjüklerine ýetirýän täsirini seljerenden soň, B öýjükleriniň kadalaşdyryjy öýjüklere bölünýändigini anykladylar. Bu açyşyň ähmiýeti, kadalaşdyryjy öýjükleriň allergiki täsire getirmeýän antikorlary we interleukinleri öndürmegidir.

Şeýlelik bilen, bu ylmy işiň awtorlary gibrid belogyň berýoza tozanjyklarynyň allergiýasynyň ýagdaýyny hakykatdanam ýeňilleşdirip biljekdigi barada netijä geldiler.

ORIENT news
Surat: sechenov.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026