II HYF: “Işewür Hazar” – täze şertlerde işewürligi ösdürmegiň ýollary hakynda


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow “Işewür Hazar” atly hazarýaka sebitiniň ýurtlarynyň söwda-senagat edaralarynyň işewür hyzmatdaşlygynyň Halkara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Duşuşyk çarşenbe güni “Skolkowo” tehnoparkynda 5-6-njy oktýabrda Moskwada geçirilen II Hazar ykdysady forumynyň maksatnamasynyň çäklerinde bolup geçdi.
RF-niň Söwda-senagat edarasynyň Prezidenti Sergeý Katyrin mejlisi alyp baryjy hökmünde çykyş etdi. Ol “häzir günbatar kompaniýalarynyň rus bazaryndan gitmekleriniň netijesinde iş alyp barmaga köp sanly ugurlaryň açylýandygyny, şol ugurlaryň Hazar boýunça hyzmatdaş ýurtlardan bolan kompaniýalar tarapyndan eýelenip bilinjekdigini” belledi.

Sergeý Katyrin ýakynda, 29-njy iýunda Aşgabatda VI Hazar sammitiniň geçirilendigini, şonuň dowamynda ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns çekilendigini ýatlatdy.
Şunuň bilen baglylykda sebitiň üstaşyr geçirmek mümkinçilikleri, hususan-da, “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi wajyp orny eýeleýär. Bilermenleriň baha bermegine görä, taslamanayň durmuşa geçirilmegi Hazar sebitine Ýewraziýada multimodal yklymüsti gatnawlaryň iri halkalarynyň birine öwrülmäge mümkinçilik berer. Ulag geçelgesiniň ösdürilmegi hem-de Hazar ulgamynyň döredilmegi ýakyn ýyllar üçin tutuş sebitiň ykdysady ösüşiniň baş hereketlendirijisine öwrüler.

“Işewür Hazar” mejlisne gatnaşyjylar täze şertlerde işewürligi üstünlikli ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşdylar, geosyýasy töwekgelçilikleri hem-de olaryň Hazar sebitindäki söwda işlerine täsirini, hazar ugrunda söwda-senagat edaralarynyň hereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bilelikdäki taslamalaryň we utgaşykly aragatnaşyklaryň ösdürilmegine, sergi-ýarmarka we kongres işleriniň täze sanly mümkinçiliklerine, arbitraž edaralary tarapyndan işewürligiň bähbitleriniň goralmagyna, bilermenleriň hyzmatlarynyň öňe ilerledilmegine garaldy.

“Işewür Hazar” – munuň özi gepleşikler üçin meýdança bolup, şonda birleşige gatnaşyjy ýurtlaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, söwda-senagat edaralaryna agza telekeçiler, kanunçykaryjy we ýerine ýetiriş häkimýetiniň wekilleri duşuşýarlar hem-de işleýärler.
ORIENT news
Foto: ORIENT








