HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan hazarýaka ýurtlaryny energetikada hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy

Oktýabr 07, 2022 | 07:19 |7598
Türkmen hökümetiniň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradow penşenbe güni Moskwada Hazar ykdysady forumynda çykyş edip hazarýaka ýurtlaryny energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.Türkmen hökümetiniň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradow penşenbe güni Moskwada Hazar ykdysady forumynda çykyş edip hazarýaka ýurtlaryny energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.
Çeşme:

Türkmen hökümetiniň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradow penşenbe güni Moskwada Hazar ykdysady forumynda çykyş edip hazarýaka ýurtlaryny energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

“Şu ýyl Aşgabatda geçirilen 6-njy Hazar sammitiniň möhüm netijeleriniň biri energetika pudagynda özara gatnaşyklary ösdürmäge biziň döwletlerimiziň gyzyklanma bildirýändigini tassyklamagyndan ybarat boldy, bu ulgamyň ösdürilmegi häzir diňe biziň sebitimiz üçin däl, eýsem tutuş dünýä üçin hem möhüm boldy” diýip, Geldimyradow aýtdy.

Onuň sözlerine görä, “hazarýaka ýurtlarynyň örän uly tebigy baýlyklary hem-de ösen ýangyç energetika senagaty bar”.

“Biziň döwletlerimizde 2021-nji ýylda nebitiň çykarylyşy 13,7 million barrele ýa-da dünýä derjesinde çykarylmagynyň 20%-ne deň boldy. Tebigy gazyň alynşy 1 milliard kubmetrden gowrak ýa-da dünýä möçberiniň 26%-ne barabar boldy. Sebitiň ýurtlary elektroenergitakynyň dünýä derejesindäki möçberiniň 6%-ni işläp çykarýarlar” diýip, Türkmenistanyň wekili nygtady.

Onuň pikirine görä, şunda ýangyç-energetika pudagynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen döwletara işleriniň utgaşdyrylyş derejesini ýokarlandyrmak möhüm bolmagynda galýar. “Şeýle hem söwda infrastrukturasyny ösdürmek hem-de eksport ugurlaryny döretmek baradaky meseleleri toplumlaýyn çözmäge mümkinçilik berjek harytlary geçiriş ulgamyny kemala getirmek boýunça tagallalarymyzy birleşdirmegi zerur hasaplaýarys” diýip, Hojamyrat Geldimyradow nygtady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026