HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: STG 4 müň tonnasy eksporta ýerlenildi

Oktýabr 07, 2022 | 06:07 |6700
Çarşenbe güni, 5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $1,8 million bolan 5 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Çarşenbe güni, 5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $1,8 million bolan 5 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Çarşenbe güni, 5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $1,8 million bolan 5 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Owganystanyň telekeçileri söwdalarda suwuklandyrylangazyň jemi 4 müň tonnasyny satyn aldylar, bir tonnasynyň bahasy $465,50 bilen kesgitlenildi. Geleşigiň umymy bahasy $1 862 000 deň boldy.

Eksporta ugradylan suwuklandyrylan gaz Türkmenistanyň Balkan welaýatynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürildi.

Şeýle hem, 4-nji oktýabrda TDHÇMB-niň söwdalarynda içerki bazarda ýerli işewürler 5,2 müň manada elde dokalan türkmen halylaryny satyn aldylar.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026