HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

II HYF: Hazar "bäşligi" tranzit ugurlaryny ösdürmek üçin ýol kartasyny kabul eder

Oktýabr 07, 2022 | 05:56 |9315
“Gazagystan Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrjak serhetaşa merkezleri döretmek boýunça uly meýilnamalary göz öňünde tutýar. Bular Aktau we Kuryk deňiz portlary, “Horgos” gury porty, “Merkezi Aziýa” Halkara senagat hyzmatdaşlyk merkezi we beýlekiler" - diýip, Gazagystanyň premýer-ministri Alyhan Smailow Moskwada geçirilen ikinji Hazar ykdysady forumynyň umumy mejlisinde aýtdy.“Gazagystan Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrjak serhetaşa merkezleri döretmek boýunça uly meýilnamalary göz öňünde tutýar. Bular Aktau we Kuryk deňiz portlary, “Horgos” gury porty, “Merkezi Aziýa” Halkara senagat hyzmatdaşlyk merkezi we beýlekiler" - diýip, Gazagystanyň premýer-ministri Alyhan Smailow Moskwada geçirilen ikinji Hazar ykdysady forumynyň umumy mejlisinde aýtdy.
Çeşme:

“Gazagystan Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrjak serhetaşa merkezleri döretmek boýunça uly meýilnamalary göz öňünde tutýar. Bular Aktau we Kuryk deňiz portlary, “Horgos” gury porty, “Merkezi Aziýa” Halkara senagat hyzmatdaşlyk merkezi we beýlekiler" - diýip, Gazagystanyň premýer-ministri Alyhan Smailow Moskwada geçirilen ikinji Hazar ykdysady forumynyň umumy mejlisinde aýtdy.

Şeýle infrastruktura düwünleriniň hazarýaka ýurtlara we halkara bazarlaryna söwda akymlarynyň giňelmegine goşant goşýandygyny göz öňünde tutup, premýer-ministr Gazagystanyň Prezidentiniň Hazarýaka azyk merkezini döretmek başlangyjyna ünsi çekdi.

Каспийская «пятерка» примет дорожную карту для развития транзитных маршрутов

Alyhan Smailow şeýle hem Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň arasynda ýük akymlaryny giňeltmek üçin Hazarüsti halkara ulag ýolundaky päsgelçilikleri ýok etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Ol: - “Bu gün biz başlangyç bilen çykyş etdik: kärdeşlerimiz bilen bu işe şu wagt başlajakdygymyz barada ylalaşdyk. Degişli ýol kartasyny işläp düzeris we üstaşyr ýollarymyzyň mümkinçiliklerini giňeldip başlarys "- diýdi.

Premýer-ministriň pikiriçe, Hazar deňziniň kenarýaka zolaklarynda 15 milliondan gowrak adam ýaşaýandygy sebäpli, ekologiýa pudagynda özara hyzmatdaşlyk möhüm orna eýedir.

Каспийская «пятерка» примет дорожную карту для развития транзитных маршрутов

“Ekologik deňagramlylygy goramak biziň ýurtlarymyz üçin iň möhüm mesele. Deňiz meseleleri onuň biologik baýlyklaryň tükenmegi, çig mal çykarmak we haryt daşamak netijesinde çynlakaý hapalanmak töwekgelçiligi bilen baglanyşykly. Şunuň bilen baglylykda, Hazar ekologik maksatnamasynyň işiniň täzeden başlanmagyna goldaw bermegiňizi haýyş edýäris "- diýip, Alyhan Smailow aýtdy. Sözüniň ahyrynda Alyhan Smailow sebit ýurtlaryny syýahatçylyk pudagynda, ýagny garyşyk gezelençleri ýola goýmakda, kruiz syýahatçylygyny ösdürmekde we wiza-migrasiýa düzgünlerini liberallaşdyrmakda bilelikdäki ädimleri işjeňleşdirmäge çagyrdy.

Premýer-ministr sebit syýahatçylygyny ösdürmek üçin esasy ädimiň hazarýaka ýurtlaryň arasynda degişli ylalaşygyň taýýarlanmagy bolandygyny aýtdy.

ORIENT news
Foto: primeminister.kz

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026