Mişustin: Hazar kenary her ýylda azyndan bir million syýahatçyny kabul edip biler


Premýer-ministr Mihail Mişustin penşenbe güni Hazar kenarynyň ýylda azyndan bir million syýahatçyny kabul edip biljekdigini we onuň ägirt uly syýahatçylyk mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.
– “Hazar kenary ýylda azyndan bir million syýahatçyny kabul edip biler. Esasanam, özboluşly tebigaty, işjeň we sagaldyş häsiýetli dynç alyş üçin mümkinçiliklerini göz öňünde tutsaň, onuň bu babatda mümkinçilikleri örän uly" – diýip, Mişustin Moskwada geçirilýän ikinji Hazar ykdysady forumynda eden çykyşynda belledi – diýip, Interfax habar berýär.
Premýeriň pikiriçe, Hazar döwletleriniň arasynda syýahatçylyk alyş-çalyşlaryny artdyrmaga mümkinçilik berýän amaly şertnamalar zerurdyr. Ol hyzmatdaşlyk şertnamasynyň tassyklanmagyny çaltlaşdyrmagy teklip etdi.
Mişustin: “Eýran hazarýaka döwletleriniň syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy baradaky şertnamasynyň taslamasyny taraplaryň garamagyna hödürledi. Azerbaýjanyň teklibi bilen bolsa Hazar deňzi boýunça gezelenç ugurlary hakyndaky ylalaşygyň taslamasy işlenip düzüldi. Bu resminamalaryň tassyklanmagyny çaltlaşdyrmagy teklip edýärin. Syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçylarynyň yzygiderli duşuşyklary barada hem gürleşmeli. Bilelikde biz bäsdeşlige ukyply bolan syýahatçylyk üçin önümleri döredip, täze ugurlary, şol sanda port şäherlerine hem baryp görmek bilen deňiz boýunça syýahat ugurlaryny açyp bileris," – diýip nygtady.
Penşenbe güni Russiýanyň syýahatçylyk gullugynyň başlygy Zarina Doguzowanyň habar bermegine görä, syýahatçylyk Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biridir.
Rosturizmiň baştutany Zarina Doguzowa ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmagynyň netijeleri boýunça öz telegram-kanalynda: “Syýahatçylyk ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biridir. Häzirki wagtda özara syýahat akymlarynyň sany 12,5 milliona deňdir. Mümkinçiliklerimiz bolsa has uludyr" – diýip ýazýar.
Doguzowanyň sözlerine görä, foruma gatnaşýan ýurtlaryň wekilleri bilen geçirilen tegelek stoluň başynda ýakyn geljek üçin bilelikdäki iş ugurlary kesgitlenildi.
"Häzirki wagtda Hazar sebitinde syýahatçylygyň esasy wezipeleri - syýahatçylyk ugurlarynyň elýeterligini ýokarlandyrmak, kurortlary ösdürmek, serhetaşa ugurlary işläp düzmek, deňiz boýunça gezelenç arkaly ýurtlaryň arasynda aragatnaşyklary ýola goýmak" – diýip, Rosturizmiň baştutany aýtdy.
Şeýle-de, ol Hazar deňzinde gezelenç etmek üçin häzirki wagtda Astrahanda gurulýan “Petr Welikiý” kruiz gämisiniň 2023-nji ýylda gurluşygynyň tamamlanmalydygyny ýatlatdy.
Doguzowa: "Syýahatçylyk hyzmatdaşlygynyň ähli esasy ugurlaryny hyzmatdaşlyk şertnamasynyň taslamasynda görkezdik - ýakyn wagtda oňa gol çekeris" – diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
ORIENT news
Foto: Süleýman Çaryýew








