HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýokary okuw mekdepleriň ylmy barlaglarynyň täjirçilik ugurly bolmagy – USAID-iň okuw maslahatynyň temasy

Oktýabr 06, 2022 | 18:32 |7817
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ylmy barlaglary neneňsi täjirçilik taýdan bähbitli etmeli? Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin okuw maksatnamalaryny neneňsi kämilleşdirmeli? Şu we beýleki sowallara Aşgabatda üç günlik halkara onlaýn-okuw maslahatynyň dowamynda jogap bermäge synanyşyldy.Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ylmy barlaglary neneňsi täjirçilik taýdan bähbitli etmeli? Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin okuw maksatnamalaryny neneňsi kämilleşdirmeli? Şu we beýleki sowallara Aşgabatda üç günlik halkara onlaýn-okuw maslahatynyň dowamynda jogap bermäge synanyşyldy.
Çeşme:

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ylmy barlaglary neneňsi täjirçilik taýdan bähbitli etmeli? Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin okuw maksatnamalaryny neneňsi kämilleşdirmeli? Şu we beýleki sowallara Aşgabatda üç günlik halkara onlaýn-okuw maslahatynyň dowamynda jogap bermäge synanyşyldy. Okuw maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde USAID-iň häzirki zaman hünär başarnyklaryny ösdürmek boýunça Taslamasy tarapyndan guraldy.

Çärä türkmen ýokary okuw mekdepleriniň 8-siniň, Milli bilim institutynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýanyndaky Telekeçilik mekdebiniň hem-de А&M (Texas A&M) Tehass uniwersiteti we Perdýu uniwersiteti ýaly meşhur okuw mekdepleri bilen birlikde, ýedi sany amerikan we ýewropa uniwersitetleriniň wekilleri gatnaşdylaar.

Okuw maslahatynyň dowamynda ýokary okuw mekdeplerinde ylmy barlaglary täjirçilik ugruna geçirmek babatda özara tejribe alyşyldy, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna barlag geçirmek hyzmatlaryny hödürlemek arkaly girdeji almak üçin uniwersitetleriň ylmy kuwwatyny peýdalanmagyň usullary ara alnyp malahatlaşyldy.

Коммерциализация вузовских исследований

Ýokary okuw mekdepleriň weklleriniň pikirine görä, girdeji almagyň ýene-de bir usuly hususy we döwlet kompaniýalaryna ýokary hünär derejeli tölegli maslahaatlary bermekden, şeýle hem bilim beriş okuwlaryny we önümçilikden aýrylmazdan hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary guramakdan ybaratdyr.

Ýöne, bularyň ählisi ýokary okuw mekdepleriň ykdysadyýetiň dürli pudaklary bilen ýakyn özara gatnaşygy bolmazdan mümkin däldir diýip, okuw maslahatyna gatnaşyjylar bellediler. Şeýle özara gatnaşyk diňe tölegli hyzmatlary hödürlemekde däl, eýsem institutlaryň hem-de uniwersitetleriň okuw maksatnamalaryny önümçiligiň soňky ölçeglerine we talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekde-de ýüze çykmalydyr.

Şeýle hem onlaýn-duşuşygyň barşynda ylmy barlaglary maliýeleşdirýän halkara guramalar we gaznalar tarapyndan uniwersitetlere hödürlenilýän mümkinçilikler barada aýdyldy. Daşary ýurtly bilermenler türkmen ýokary okuw mekdepleriniň şeýle gaznalar tarapyndan goldanylmagy hem-de geljegi uly ylmy taslamalary ýerine ýetirmegi üçin uly mümkinçilige eýedigini nygtadylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026