HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hindistanyň Türkmenistan bilen söwdasy ýylda ABŞ-nyň 114 million dollaryna barabar, ony ösdürmegiň ýollary bar

Oktýabr 02, 2022 | 03:53 |7726
Hindistanyň Türkmenistan bilen söwdasy ýylda ABŞ-nyň 114 million dollaryna barabar bolýar. Bu görkezijä görä, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda üçünji orunda durýar (Gazagystan – takmynan, 2 milliard, Özbegistan - 342 million, Täjigistan - 75 million töweregi, Gyrgyzystan – ABŞ-nyň 34 million dollary).Hindistanyň Türkmenistan bilen söwdasy ýylda ABŞ-nyň 114 million dollaryna barabar bolýar. Bu görkezijä görä, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda üçünji orunda durýar (Gazagystan – takmynan, 2 milliard, Özbegistan - 342 million, Täjigistan - 75 million töweregi, Gyrgyzystan – ABŞ-nyň 34 million dollary).
Çeşme:

Hindistanyň Türkmenistan bilen söwdasy ýylda ABŞ-nyň 114 million dollaryna barabar bolýar. Bu görkezijä görä, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda üçünji orunda durýar (Gazagystan – takmynan, 2 milliard, Özbegistan - 342 million, Täjigistan - 75 million töweregi, Gyrgyzystan – ABŞ-nyň 34 million dollary).

Bu sanlar anna güni Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda "Hindistan we Merkezi Aziýa: kynçylyklar we mümkinçilikler" atly halkara seminar barada çap edilen habarda bellenip geçilýär.

Habarda Hindistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa, esasanam gün energiýasy pudagyndaky tejribesini Türkmenistan bilen paýlaşyp biljekdigi bellenilýär. TOPH gazgeçirijisiniň geosyýasy meselelerini çözmegiň zerurlygy hem nygtalýar we TOPH konsorsiumynyň agza kompaniýalaryna dürli töwekgelçilikleri azaltmak üçin işewür çözgütleriň üstünde işlemek maslahat berilýär.

Hindistan häzirki wagtda energiýa sarp edijiligi boýunça dünýäde üçünji orunda durýar, ýurduň çig nebit zerurlygynyň 85% -i we tebigy gaz zerurlygynyň 50% -i import edilýär. Emma Hindistanyň nebit we gaz importynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň paýy ujypsyzlygyna galýar we bu ýagdaý hindi subkontinenti bilen MA sebitiniň arasyndaky baglanyşygy gowulandyrmagyň möhümdigini görkezýär.

Hindistan bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky iň uly söwda päsgelçiligi hökmünde ýerüsti aragatnaşygyň ýoklugy bellenip geçildi. "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesi, Çabahar portunyň ösdürilmegi we Aşgabat şertnamasy arabaşglanyşygy gowulandyrmaga gönükdirilen tagallalardyr.

Deli ŞHG-nyň "özeni" hasaplanýan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň habarynda – "ŞHG-nyň häzirki başlygy hökmünde, biz Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlaryny ŞHG-nyň Hindistanda geçiriljek indiki sammitinde garşylamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys" – diýilýär.

Şeýle hem, edara terrorçylyga, bikakun neşe söwdasyna we ýaşlaryň radikallaşmagyna garşy bilelikdäki göreş arkaly sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek baradaky umumy bähbitleri nygtaýar.

ORIENT news
Foto: fortuneindia.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026