HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň gubernatory bilen duşuşdy

Sentýabr 27, 2022 | 16:35 |9217
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýramçylyyna Aşgabada gelen Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy.Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýramçylyyna Aşgabada gelen Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy.
Çeşme:

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýramçylyyna Aşgabada gelen Sankt-Peterburgyň Gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi barada piir alyşdylar. Türkmen Lideri Russiýa Federasiýasy, onuň sebitleri, şol sanda Sankt-Peterburg bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegini meýilleşdirýändigini belledi. Bu barada türkmen telewideniýesiniň täzelikleriniň agşamky goýberilişinde habar berildi.

Söwda-ykdysaady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarda 2020-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen RF-iň hyzmatdaşlyk etmeginiň “Ýol kartasynda” berkidilen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Energetikia, ulag-kommunikasiýa toplumlary, gurluşyk we infrastruktura, gämi gurluşygy we ýokary tehnologiýalar ulgamy özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy. Şeýle hem Türkmenistan Sankt-Peterburga oba hojalyk önümçiliginiň önümlerini, dokma hem-de nebit-himiýa ugruna degişli harytlary ibermäge taýýardyr.

Duşuşykda Peterburg kompaniýalarynyň Türkmenistanda taslamalary durmuşa geçirmäge, ynsanperwer hymatdaşlygynyň geljegine gatnaşmagy baradaky meselelere garaldy. Aleksandr Beglow russiýanyň demirgazyk welaýaty bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly üns berýändigi we şu ýyl Peterburg halkara ykdysady forumyna gatnaşandygy üçin Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Beglowyň Aşgabada saparynyň çäklerinde onuň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy geçirilip, şonda şähergurluşygy we senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek, energetika pudagynda bilelikdäki taslamalar üçin geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Aşgabatda Sankt-Peterburgda Söwda öýüni döretmegiň, orta-ýörite we ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda aýdylýar.

2021-nji ýylda Peterburgdan Türkmenisrtana eksportyň möçberi 50%-e golaý artdy, bu ýagdaýy saklamak zerur diýip, Aleksanr Beglow belledi. Şeýle hem Peterburgyň Gubernatory Beýik Watançylyk urşy baradaky hakydanyň saklanylyşy hem-de weteranlary goldanylyşy baradaky meseleleri belledi. Mysal üçin Aşgabatda “Dostluk” ýadygärligini dikeltmek meýilleşdirilýär, ol Leningradyň gabawynda Türkmenistana göçürilen ýaşaýjyalara bagyşlanar.

Peterburgyň Gubernatory birnäçe beýleki ugurlary-da, şol sanda ýol gurluşygyna, IT-tehnologiýalara, inženerçilik hünärlerini okatmaga, Peterburgyň we Türkmenistanyň mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşyk etmekleri hem-de bilelikde okuwlary geçmekleri üçin kommunikasion meýdançasyny döretmäge degişli hyzmatdaşlyk ugruny belledi.

ORIENT news
Foto: https://spbdnevnik.ru/

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026