HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Hökümetinde Günorta Uralyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi

Sentýabr 27, 2022 | 06:55 |15337
Günorta Uralyň wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň çäklerinde Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksler Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Onuň ýanynda sebitiň öňdebaryjy kärhanalarynyň ýolbaşçylary bolýar diýip, Çelýabinsk oblastynyň hökümetiniň metbugat-gullugy habar berýär.Günorta Uralyň wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň çäklerinde Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksler Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Onuň ýanynda sebitiň öňdebaryjy kärhanalarynyň ýolbaşçylary bolýar diýip, Çelýabinsk oblastynyň hökümetiniň metbugat-gullugy habar berýär.
Çeşme:

Günorta Uralyň wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň çäklerinde Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksler Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Onuň ýanynda sebitiň öňdebaryjy kärhanalarynyň ýolbaşçylary bolýar diýip, Çelýabinsk oblastynyň hökümetiniň metbugat-gullugy habar berýär.

Alekseý Teksler ministr, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew bilen gepleşikleri geçirdi. Gubernator bilen bilelikde, Turba metallurgiýa kompaniýasynyň, “ÇTPZ” APJ-niň, “MMK” APJ-niň, “Konar” senagat toparynyň, “Ural” awtozawodynyň wekilleri nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

В правительстве Туркменистана прошли переговоры с делегацией Южного Урала

Şeýle hem gubernator Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow, energetika ministri Hajymuhammet Orunow, gurluşyk we binagärlik ministri Guwanç Rejepmyradow hem-de senagat ministri Baýmyrat Annamämmedow bilen duşuşykda Çelýabinsk oblastynyň gurluşykdaky kuwwaty barada gürrüň berdi.

Teksler Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Annageldi Ýazmyradow hem-de oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Allanur Altyýew bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.

“Esasy wezipe – söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek. Şoňa görä-de, şu gün Türkmenistanyň Hökümetinde örän köp duşuşyklar boldy. Biz öz mümkinçiliklerimizi hödürledik hem-de däp boýunça biziň kärhanalarymyzyň güýçli bolan ugurlarynda Türkmenistan tarapyndan örän uly gyzyklanmanyň bardygyny gördük. Munuň özi maşyngurluşyk, metallurgiýa, elektrotehniki önümçilik, oba hojalygynda özara gatnaşyklara degişli meselelerdir. Şu gün Türkmenistanyň her ministrligi tarapyndan we biziň kärhanalarymyzyň wekilleriniň jogapkärleri bilen giňişleýin ara alyp maslahatlaşmalar geçiriler. Ol ýa beýleki önümleri ibermek boýunça anyk ylalaşyklaryň gazanylmagyna umyt edýäris” diýip, Alekseý Teksler aýtdy.

В правительстве Туркменистана прошли переговоры с делегацией Южного Урала

Gubernator hyzmatdaşlyk üçin eýýäm anyk ugurlaryň bardygyny belledi. Mysal üçin, türkmen nebiti gaýtadan işleýän pudagynyň wekilleri Magnitogorsk kombinatynyň hem-de “Konaryň” önümleri bilen gyzyklandylar, “Aşgabat-siti” gurluşyk toplumynda “Modern Glass” kompaniýasynyň täsin aýnapaketleri gerekli bolup biler.

Türkmen tarapy Merkezi Aziýa ýol tehnikasyny getirmek babatda “Ural” awtoulag zawody, ÇTZ, “Ural” DST bilen işlemegiň görnüşlerine garaýar, eýýäm Türkmenistana turba önümlerini satmak barada ylalaşyklar bar.

Şeýle hem saparyň çäklerinde Alekseý Teksleriň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň nobatdaky tapgyry: howa zarbalary, adam pidalary we diplomatik dialogyň togtadylmagy

Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň nobatdaky tapgyry: howa zarbalary, adam pidalary we diplomatik dialogyň togtadylmagy

19:00 Iýul 16, 2026
Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

17:00 Iýul 16, 2026
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli aň boýunça maslahata gatnaşmak üçin Şanhaýa bardy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli aň boýunça maslahata gatnaşmak üçin Şanhaýa bardy

14:00 Iýul 16, 2026