HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti “InnoTrans 2022” atly iri ulag forumyna gatnaşýar

Sentýabr 23, 2022 | 19:08 |10508
Ýurduň demir ýol pudagyna wekilçilik edýän türkmen wekiliýeti 20-23-nji sentýabr aralygynda Berlinde geçirilýän transport tehnologiýalaryna bagyşlanan uly halkara sergisine – InnoTrans 2022-ä gatnaşýar.Ýurduň demir ýol pudagyna wekilçilik edýän türkmen wekiliýeti 20-23-nji sentýabr aralygynda Berlinde geçirilýän transport tehnologiýalaryna bagyşlanan uly halkara sergisine – InnoTrans 2022-ä gatnaşýar.
Çeşme:

Ýurduň demir ýol pudagyna wekilçilik edýän türkmen wekiliýeti 20-23-nji sentýabr aralygynda Berlinde geçirilýän transport tehnologiýalaryna bagyşlanan uly halkara sergisine – InnoTrans 2022-ä gatnaşýar.

1996-njy ýylda ilkinji gezek geçirilen pursatyndan tä şu güne çenli “InnoTrans” demirýol ulagy boýunça halkara sergileriniň öňdebaryjysy bolup durýar. “InnoTrans 2022” sergi zallarynyň 4-üsinde we açyk meýdanda ýerleşen 56 ýurtdan gelen 2800-den gowrak eksponenti bir ýere jemlemegi başardy.

Туркменская делегация принимает участие в крупнейшем транспортном форуме – InnoTrans 2022

"Türkmendemirýollary" agentliginiň wekilleri ýük daşamakda dünýädäki tehnologik täzelikler bilen tanyşdylar we Ýewropanyň belli kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler.

Şeýle hem, myhmanlarynyň hormatyna ofisiniň üçeginde Türkmenistanyň baýdagyny galdyran Techne kompaniýasy bilen gepleşikler geçirildi.

Туркменская делегация принимает участие в крупнейшем транспортном форуме – InnoTrans 2022

Gepleşikleriň netijesinde “Türkmendemirýollary” agentligi bilen demirýol ýük göterijilerini öndürýän Techne kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

Туркменская делегация принимает участие в крупнейшем транспортном форуме – InnoTrans 2022

Ýeri gelende aýtsak, Techne öz taryhyny 1880-nji ýyldan alyp gaýdýan, ozal Kirow ady bilen tanalýan kompaniýanyň täze ady. Onuň ady şu hepde üýtgedilip, ol ekologiýany goramaga, döwrebaplaşdyrmaga we depginli ösüşe gönükdirilen rebrendingiň bir bölegini düzýär.

Birnäçe ýyl mundan ozal Leýpsigdäki "Kirow" zawodynyň çäginde meşhur binagär Oskar Nimeýeriň gyzyl kerpiçden gurulan binadan sallanyp duran suwuk kristal syrçaly ak reňkli demirbeton sferasyndan ybarat bolan iň soňky taslamalarynyň biri durmuşa geçirildi. Oňa “Technesphere” diýip at berdiler. Bu sözden hem “Techne” diýen at emele geldi.

Туркменская делегация принимает участие в крупнейшем транспортном форуме – InnoTrans 2022

Techne bilen Türkmenistanyň demir ýollarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň XX asyryň 60-njy ýyllarynda başlanandygyny bellemelidiris. Häzirki wagtda ýurduň demir ýollarynda dikeldiş otlylarynda EDK ýük göterijileriniň 14-üsi işleýär.

Туркменская делегация принимает участие в крупнейшем транспортном форуме – InnoTrans 2022

Demir ýol ulaglary gitdigiçe, torlaýyn hereketiň bir bölegine öwrülip barýar. “InnoTrans 2022” ösüşiň bu ugruny göz öňünde tutmak bilen, ony tehnologiýa we infrastruktura ulgamlarynda görkezýär.

Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçihanasynyň ýolbaşçysy we işgärleri türkmen wekiliýetiniň saparynyň iş meýilnamasyny guramakda ýokary işjeňlik görkezdiler.

Туркменская делегация принимает участие в крупнейшем транспортном форуме – InnoTrans 2022

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026