HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ajaýyp türkmen halylary – Awstriýada auksionda

Sentýabr 19, 2022 | 16:08 |17823
18-19-njy asyrlara degişli türkmen haly önümleri Fine Antique Oriental Rugs XXX Awstriýa auksion kompaniýasynyň ýörite mejlisine çykarylar. Ol iki hepdeden, 1-nji oktýabrda geçiriler.18-19-njy asyrlara degişli türkmen haly önümleri Fine Antique Oriental Rugs XXX Awstriýa auksion kompaniýasynyň ýörite mejlisine çykarylar. Ol iki hepdeden, 1-nji oktýabrda geçiriler.
Çeşme:

18-19-njy asyrlara degişli türkmen haly önümleri Fine Antique Oriental Rugs XXX Awstriýa auksion kompaniýasynyň ýörite mejlisine çykarylar. Ol iki hepdeden, 1-nji oktýabrda geçiriler.

Gündogar halylarynyň tolumynda ussat türkmen gelin-gyzlarynyň haly önümleri esasy orunda durýar. Olar diňe halylar däl-de, haly önümleri, adaty türkmen durmuşynda ulanylan esbaplar – torbalar, duwallar, çuwallar, asmalyklar, gapylyklar we ensilerdir.

Изысканные туркменские ковры – на аукционе в Австрии

Türkmen aýal-gyzlarynyň öýlerinde elde dokan önümleriniň ajaýyp nusgalarynyň iň irkisiniň senesi 17-nji asyryň ikinji ýarymyna, soňrakysy bolsa 19-njy asyryň birinji ýarymyna degişlidir, olar ölçegine, tehnikasyna we ýaşyna görä, 20 müň ýewrodan 120 müň ýewro çenli aralykda bahalandyrylýar. Geçiriljek auksionyň ähli onlaýn-sanawyny şu ýerden görmek bolýar.

Изысканные туркменские ковры – на аукционе в Австрии

Türkmen halyçylyk sungatynyň däpleri 2019-njy ýylda ÝUNEKO-nyň Adamzadyň maddy däl mirasynyň hormatly sanawyna girizildi. Dogrudan-da, ylmy barlagçy-taryhçylar, etnograflar we sungaty öwrenijiler tarapyndan hemmetaraplaýyn öwrenilen bu halky sungaty barada häzir nähilidir bir taze zat aýtmak kyn. Haçanda milli medeniýetiň däpleri barada gürrüň edilende, türkmenleriň häzirki günlerdäki durmuşynda hem ymykly ornaşan bu özboluşly ýagdaýa üns bermezlik mümkin däl.

Изысканные туркменские ковры – на аукционе в Австрии

Şeýle-de bolsa haçanda her gezek türkmen halylary tejribeli köpçüligiň ünsüni çekende, biziň gürrüň edýän ýagdaýymyzda ýewropalylaryň ünsüni çekende, ruhy hem-de maddy medeniýetiň ýokary ussatlygy we baý özeni hökmünde türkmen halyçylygyna hemişe täze garaýyş peýda bolýar.

Halynyň owadan “söz baýlygy” halkyň köpçülikleýin zehininiň miwesine öwrülip, döredijilik binýadyny emele getirmek bilen, milli medeniýetiň ähli ugruna – aýdym-saza, şygyrýete, binagärlige, amaly-haşam, şekillendiriş sungatlaryna siňip, olaryň täsin özboluşlylygyny kesgitledi. Şol özboluşlylyk hem göni we göçme manylarda örän gymmatlydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

13:53 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026
Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

12:55 Iýun 18, 2026