HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan ulag geçelgeleri boýunça ŞHG bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýar

Sentýabr 17, 2022 | 14:27 |8409
Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin açyk we munuň üçin diňe bir anyk mümkinçilikler däl, eýsem obýektiw zerurlyk hem bar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň giňişleýin geňeşiniň mejlisinde aýtdy, mejlise türkmen Lideri hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin açyk we munuň üçin diňe bir anyk mümkinçilikler däl, eýsem obýektiw zerurlyk hem bar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň giňişleýin geňeşiniň mejlisinde aýtdy, mejlise türkmen Lideri hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Çeşme:

Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin açyk we munuň üçin diňe bir anyk mümkinçilikler däl, eýsem obýektiw zerurlyk hem bar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň giňişleýin geňeşiniň mejlisinde aýtdy, mejlise türkmen Lideri hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Döwlet Baştutany harytlar we hyzmatlar bilen üpjün etmegiň yklymara hem-de sebitleýin üstaşyr ýollaryny gurmaga Türkmenistanyň ŞHG-niň bähbidine öz çägini we düzümini hödürlemek meselesini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem, kärdeşleriniň ünsüni Hazar ugruna we Türkmenbaşy deňiz portunyň mümkinçiliklerine çekdi.

Şunda ŞHG Hytaý - Merkezi Aziýa - Hazar deňzi - Gara deňiz ugry boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriniň hem-de logistika ulgamynyň kemala gelmeginde işjeň orny eýeläp biler.

Şunuň bilen birlikde, Serdar Berdimuhamedow Baltika sebitindäki rus portlaryndan Pars aýlagyndaky, Arap deňzindäki we Hindi ummanyndaky deňiz terminallaryna çenli ýük daşalmagyny üpjün edýän ulag geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin bilelikde işlemäge Türkmenistanyň taýýardygyny mälim etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026