HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝTÖB-nyň çärelerinde telekeçilik üçin hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Sentýabr 17, 2022 | 05:56 |25718
Ýewropa Bileleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Aşgabatda işgär gözlegi meselelerine we hususy kompaniýalar üçin hünärmenleri taýýarlamak mümkinçiliklerine bagyşlanan çäreleriň tapgyryny geçirdi.Ýewropa Bileleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Aşgabatda işgär gözlegi meselelerine we hususy kompaniýalar üçin hünärmenleri taýýarlamak mümkinçiliklerine bagyşlanan çäreleriň tapgyryny geçirdi.
Çeşme:

Ýewropa Bileleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Aşgabatda işgär gözlegi meselelerine we hususy kompaniýalar üçin hünärmenleri taýýarlamak mümkinçiliklerine bagyşlanan çäreleriň tapgyryny geçirdi.

Duşuşyklaryň maksady Türkmenistanyň bilim merkezleriniň, işgärler agentlikleriniň işewürler bilen ýakyn hyzmatdaşlygynyň, şeýle hem kompaniýalaryň işgär almakda derwaýys zerurlyklaryny çözmäge gönükdirilen ÝTÖB-nyň täze taslamalaryny döretmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.

На мероприятиях ЕБРР обсудили возможности подготовки профессиональных кадров для бизнеса

Tematik tegelek stollar telekeçileri işgärleri taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin pul we wagt sarp etmegiň zerurlygy, şeýle-de olary nireden gözlemelidigi we nähili esasda topara kabul edilmelidigi barada pikirlenmäge esas berdi.

Duşuşyklarda Türkmenistanyň okuw merkezleriniň bäşisiniň, işgärler agentlikleriniň dördüsiniň we maslahat beriş kompaniýalarynyň ikisiniň ýolbaşçylary we işgärleri çykyş etdiler. Olar hususy pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçilikleri, şeýle hem dürli ugurlar boýunça hünärmenleri - buhgalterleri, işgärler bölüminiň işgärlerini we ş.m. işe almagyň kynçylyklary barada jikme-jik gürrüň berdiler.

На мероприятиях ЕБРР обсудили возможности подготовки профессиональных кадров для бизнеса

Häzirkizaman okuw merkezleriniň işiniň ÝOM-nde ýola goýlan okuw tejribesinden düýpgöter tapawutlanýandygyna aýratyn üns berildi. Bu ilkinji nobatda bir kompaniýanyň işgärleriniň hemmesiniň ýa-da bir böleginiň birlikde okap, amaly ýumuşlary bilelikde ýerine ýetirýän korporatiw formatdaky okuwlaryna degişlidir.

Häzirki wagtda işgärleriň iş netijeliligini, hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin türkmen kompaniýalary işgärleriň şahsy zerurlyklary göz öňünde tutulan toplumlaýyn maksatnamalary sargyt edip bilerler. Mundan başga-da, okuwlar başlamazdan ozal, okuw merkezleri topardaky hakyky ýagdaýy bilmek üçin öz barlag işlerini geçirerler. Sebäbi, zähmet toparyna öwrenişen ýolbaşçylaryň köplenç halatda işgärleriniň käbir ýetmezçiliklerini gözden salýan bolmagy mümkin, ýöne olar daşyndan gelen garaşsyz synçynyň dessine gözüne iler.

На мероприятиях ЕБРР обсудили возможности подготовки профессиональных кадров для бизнеса

Käbir maslahat beriş kompaniýalary tarapyndan hödürlenýän “Gizlin müşderi” hyzmaty hem edil şonuň ýaly işleýär. Bu hyzmat aýry-aýry işgärler tarapyndan berilýän hyzmatlar boýunça kompaniýanyň gowşak taraplaryny ýüze çykarmaga, şeýle hem müşderiler bilen işleşmek ulgamynyň netijeliligini barlamaga kömek edýär.

ÝTÖB-nyň Türkmenistanyň hususy kompaniýalary, okuw merkezleri we işgärler agentlikleri bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryp biljek taslamalarynyň deslapky sanawy aşakdakylary öz içine alýar:

– okuw merkezleri bilen pudaklaýyn birleşikleri döretmek,
– Merkezi Aziýanyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuwlary guramak,
– hususy kompaniýalar üçin işgärler agentlikleriniň we okuw merkezleriniň sanawyny taýýarlamak,
– kompaniýalarda iş tejribe maksatnamalaryny işläp taýýarlamak,
– hususy kärhanalara ýaşlar üçin ekskursiýalary we ş.m. guramak.

Eziz ÖWEZOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026